Giň mümkinçilikler döredilýär
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Giň mümkinçilikler döredilýär

2 03.07.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ösüşleriň depgini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da rowaçlanýar. Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň ösüş-özgerişli ýolunyň ilerlemeginde awtoulag ulgamyna möhüm orun degişli bolup durýar. 

Bu ulgam üçin ýokary taýýarlykly sürüjileri ýetişdirmegem wajyp wezipe. Bu meseläniň oňyn çözgüdinde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň işgärleriniň paýyna-da jogapkärli wezipe düşýär. Şahamçada sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hereket edýän meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bu şahamçanyň golaýda ulanylmaga berlen täze binasynyň okuw otaglary häzirki zaman elektron enjamlary, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde 300 okuwça bilim bermäge, sürüjilik hünärini öwretmäge giň mümkinçilik döredilipdir. 

Ýene bir bellemeli zat bolsa, täze binanyň ýanynda döwrebap awtotürgenleşik meýdançasynyň gurlup, ulanylmaga berlenligidir. Meýdança öňdebaryjy elektron enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Şahamçanyň täze ymaratyny Marynyň demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular. 

Açylyş dabarasynda şahamça hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy — täze okuw awtomobilleriniň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem dabarada binany guran öňdebaryjy gurluşykçylar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar. 

Aýdymçy-sazandalaryň, tansçylaryň şowhunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyryp, ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

Baýram AMANOW.

Suratlar

5
5 03.07.2025
Türgenlerimiziň üstünlikleri

Garaşsyz, hemişeli Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de olary sporta çekmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Golaýda Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” stadionynda teakwon-do ITF boýunça oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden taekwon-do ITF ussatlary gatnaşdylar. Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşda biziň türgenlerimiz özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, olaryň birnäçesi öňdäki orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Olardan Rejep Amansähedow, Salyh Hezretkulyýew, Myrat Hojanyýazow, Gültäç Agalyýewa, Çary Muhammedow 1-nji, Täçmyrat Durdyýew, Wepa Şamyradow, Setdar Abdyýew, Muhammetberdi Şamyradow, Rahat Jumanazarow 2-nji, Dawut Toýlyýew, Daýanç Agajanow, Ylham Jumaýew, Kümüş Ataýewa, Ogulbagt Aşgabadowa, Meretgeldi Nurgeldiýew 3-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bu ýaryşda türgenlerimiz welaýatlaryň arasynda birinjiligi eýelediler.  Ýaryşda ýeňiji bolanlara welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Aýdogdy ATABAÝEW.

4
4 03.07.2025
Il saglygy — ýurt baýlygy

Gülki göwnaçyklyk, şadyýanlyk adam üçin örän peýdalydyr. Aýratyn hem häzirki döwürde alymlar 70 ýaşan adamyň durmuşynyň azyndan 623 gününi gülüp, 50 gününi aglap geçirýändigini hasaplapdyrlar. Käbir daşary ýurtlarda belli-belli keselleri diňe gülki bilen bejerýärler. Eýsem-de, biz gülen wagtymyz bedenimizde nämeler bolup geçýär. Dem alşymyz kadaly we çuň bolýar, ýagny, demi uzak we çuň alyp, ony çalt goýberýäris. Bu bolsa, bedenimizde zyýanly maddalaryň toplanmagyna päsgel berýär. Dartgynlylyga garşy ukybymyz köpelýär, netijede biziň keýpimiz göterilýär. Ýüregimiziň urşy we gan basyşymyz kadalaşýar. Şol sebäpli hem “Adam gülen wagty juwanlaşýar” diýýärler. Bedeniň kesellere garşy göreş ulgamy güýçlenýär.  Mümkin boldugyça, ýylgyryň, gülüň! Adamlary güler ýüz bilen garşylaň! Bu siziň ömrüňizi uzaldýar. Çünki, 1 minutlyk gülküniň peýdasy 3 minut suwda ýüzen bilen we 45 minut dynç alan bilen deňdir. Taýýarlan  Orazgül ABDYÝEWA

3
3 03.07.2025
Ýewropada iň kiçi döwletler

LIHTENŞTEÝN — 62 km2 PAÝTAGTY — WADUS ŞÄHERI Alp daglarynda, Awstriýa we Şweýsariýa aralygynda kiçijik döwlet. Nemes dilinde Lihtenşteýn «agymtyl daş” diýmekdir.        ANDORRA — 468 km2 PAÝTAGTY — ANDORRA-la — WELÝA Andorra — Pireneý ýarym adasynda, Ispaniýa we Fransiýa döwletleriniň arasynda, gündogar Pireneý dag gerişlerinde ýerleşýär. Bask dilindäki bu ady andurral («ösümlige baý belentli - pesli ýer”) sözi bilen baglanyşdyrýarlar.      KIPR — 9 251 km2 PAÝTAGTY — NIKOSIÝA (LEFKOSIÝA) Ortaýer deňziniň gündogarynda ada we onda ýerleşen döwlet. Çaklama görä, bu ýere Liwandan serwi (kiparis) agaçlarynyň getirilip ekilendigi üçin, oňa Kipr diýen at berlipdir.       LÝUKSEMBURG — 2 586 km2 PAÝTAGTY — LÝUKSEMBURG Lýuksemburg — 1.Ýewropanyň günbatarynda kiçijik döwlet we onuň paýtagty. 2.Belgiýada welaýat. Lýuksemburg “Kiçi şäher” diýen manydadyr.       ÇERNOGORIÝA — 13 812 km2 PAÝTAGTY — PODGORISA Bu döwlet öz garaşsyzlygyny 2006-njy ýylda gazanyp, dünýäniň syýasy kartasynda peýda boldy. Bu at — «gara dag» diýen manydadyr.    Internet maglumatlary esasynda taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.

3
3 03.07.2025
Halkyň hazynasyndan

 MAŞGALADA MAŞGALABAŞYNYŇ ÝEDI BORJY: Maşgala akylly-başly ýolbaşçylyk etmek; Maşgala halal eklenç getirmek; Maşgaladakylara ata göreldesini görkezmek; Maşgaladakylara dogry edep bermek; Maşgaladakylara atalyk mährini siňdirmek; Özüniň ýagşy niýetleri bilen özüne guwandyrmak; Maşgalanyň abraýyny goraglap gezmek.   ZENAN MAŞGALANYŇ  ÝEDI BORJY: Är eklenjini isrip etmezlik; Nesil öndürmek; Perzendine ene terbiýesini bermek; Ene göreldesini görkezmek; Maşgaladakylara yssy mährini çoýmak; Ýagşy işler bilen özüne guwandyrmak; Maşgaladakylara hyzmat etmek.      TÜRKMENLER: Ak reňki päkligiň; Gyzyl reňki toýuň; Ýaşyl reňki ýaşlygyň; Gök reňki asudalygyň; Çal reňki garrylygyň; Sary reňki aýralygyň; Gara reňki ýasyň alamaty diýip aňlapdyrlar hem durmuşda ulanypdyrlar. Taýýarlan  Amanmyrat ÝAMADOW.

2
2 03.07.2025
Agzybirlik (Rowaýat)

Günleriň birinde üç elti bolup, üç öýe-de ortalyk saýaly bagyň kölegesinde çaýlaşyp otyrkalar, olaryň ýanyna üç adam gelipdir. — Men-ä — Döwlet, bu-da — Bagt, üçünjimiz bolsa Agzybirlik diýip, özlerini tanadypdyrlar. Soňam: — Hawa, gelinler biz siziň ýanýoldaşlaryňyza şeýle wepadardygyňyz üçin siziň üçiňizi-de sylaglamaga geldik. Iň gowy arzuwlaryňyzdan birini hasyl etmäge biziň gurbumyz çatýar. Näme diläsiňiz gelse diläberiň! Ýöne, çaltrak boluň, biz howlukmaç gidermen — diýipdirler. Şonda iň uly gelin tükenmez baýlyk, ortanjy gelin uzak ömür, körpe gelin bolsa maşgala agzybirligini diläpdir. — Dilegiňiz kabul — diýip, ýaňky gelenler gözden gaýyp bolupdyrlar. Dilän dileginden göwni hoş bolan körpe gelin öýüne gelip görse, hälki üç kişiniň üçüsi-de öýüň töründe otyrmyş. Bu ahwalaty gören gelin: — Siz howlukmaç ýalydyňyz-la, ornaşyp oturşyňyz örän arkaýyn ýaly-la — diýen. Olar: — Biz Döwlet, Bagt hem-de Agzybirlik üçimiz biri- -birimiz bilen dogan ahyry. Dogan-dogandan aýrylyp nirä gitsin? — diýip, jogap beripdirler. Rowaýatdan belli bolşy ýaly, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşan kişiler hem güýçlüdirler, hem döwletlidirler, hem bagtlydyrlar.  Taýýarlan Meretgeldi ATABAÝEW.

2
2 03.07.2025
Sözi manysy bilen öwren!

AK... Sözleriň hemmesi-de gowy. Ýöne, “ak” sözi halkymyzda eý görülýän sözleriň biri bolsa gerek. Muny bu söz bilen baglanyşykly söz düzümleriniň halkymyzyň ýagşy dileglerine siňip gidenligi we olaryň hemişe işjeň ulanylýandygy bilen düşündirse bolar. Olaryň hatarynda “Ýoluňyz ak bolsun!”, “Ak zat alnyňa ýagşy”, “Ak gyz ýoldaşyň bolsun!”, “Ak guş”, “Ak geçiň owlagy ýaly”... diýen ýaly ýagşy dilegleri, söz düzümlerini görkezmek bolar. Garaz, ak sözi bilen baglanyşykly ýa-da tirkeşip gelýän sözler, tüweleme, barmak büküp sanardan köp. Halkymyzda “Ýazda aksyz bolma, güýzde göksüz” diýen nakyl hem bar. Çarwa pederlerimiz ýazlaga çykanlarynda goýundyr geçileri sagyp, maşgalasy üçin zerur bolan sargan, peýnir, mesge, saryýag, gurt... ýaly dürli azyk önümlerini edinipdirler. Bu işde “Aklyk bar ýerde dokluk bar” diýen pähimden ugur alyp, şol önümleriň gyşyna-da bereketli saçaklarynda bol bolmagyny gazanypdyrlar. Mellek ýerine bereket çeşmesi hökmünde garap, ideg edip gelen ata-babalarymyz oňa ýazlyk, güýzlük ekinleri ekip, ýylyň dowamynda ondan ýerlikli peýdalanmagy başarypdyrlar. Indi bolsa, ak sözi bilen baglanyşykly käbir söz düzümlerine düşündiriş berip geçeliň! Ak zatlar — süýt, gatyk we ondan öndürilýän önümler. Ak ekin — arpa-bugdaý ýaly däneli ekinler. Ak ýer — ak ekinleri ekmek üçin taýýarlanylan ýer. Ak öý — ata-enesiniň rysgaly aýrylan ogluna tutup berýän täze öýi. Akgoýun — adam pygamber ýaşyna — 63 ýaşa ýetende berilýän sadaka. Ak pata — ýoluň ak, tutan, başyna baran işiň şowuna bolmagyny arzuw etmek. Ak iş — zergärçilikde kümüş eretmek, ony çekiçläp süýmek, tershalka, gulp oturtmak, nagyşlap, haşamlamak ýaly işleriň umumy atlandyrylyşy. Ak uzyn — ilkagşam, Aý aýdyňda oýnalýan milli oýun. Ak şygyr — edebiýatda setirleriniň soňky sözi kapiýalaşmaýan ak goşgy. Ak bazar — harytlaryň bazaryň göterýän nyrhyndan satylýan we satyn alynýan ýeri. Akdaban — haýýar, zatdan gaýtmaýan, şermende. Ak girmek — saç-sakgalyň agaryp başlamagy. Ak guş ýaly — günäsiz, päkize. Ak geçiň owlagy ýaly — gowy görülmek, aýry tutulmak. Ak ýol — päsgelçiliksiz, garşylyksyz ýol. Annamyrat BERDIMYRADOW.

2
2 03.07.2025
Seň üçin (Aýdym)

Gel, läläm, Niýetlän güllem açyldy, Gel, kirpiklem bilen daraýyn saçyň. Aýly gijeleri gurban eýledim: Seň üçin, Seň üçin, Diňe seň üçin.   Penjiräň öňünde Aýy alma dek Şahadan asaýyn isleseň haçan. Tylla Güni gülýakalyk saýladym: Seň üçin, Seň üçin, Diňe seň üçin.   Isleseň ýaz ýagşy bolup ýagaýyn, Ýel bolup öpeýin otagyň için. Bagyňda bilbiliň bolup saýraýyn: Seň üçin, Seň üçin, Diňe seň üçin.   Ne «bolýa» diýýärsiň, Ne «ýok» diýýärsiň, Gözleriň güldürip, dymýarsyň neçün, Özge gyzy, Özge güli söýmedim: Seň üçin, Seň üçin, Diňe seň üçin!   Nury BAÝRAMOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

2
2 03.07.2025
Hoja Batyryň degişmeleri

AŞYRAM GELENOK, TOÝAM BOLANOK Aşgabatly Aşyr dostumyzyň dogduk mekany Şordepe bolansoň, her gezek oba gelende obadaky dostlaryny çagyryp kiçiräk toý edýär eken. Bir gezek Aşyr ejesini Aşgabada äkidip, saglygyna seretdirýär we ony 6 aýlap öz öýünde saklaýar. Obadaky Nury kaka: — Bu nähili bold-aý? Gelnejäni oba getirip, özümiz seredeliň, bolmasa, Aşyram gelenok, toýam bolanok — diýip zeýrenipdir. MESELÄNI ÇÖZÄÝDI Bir gün Aşgabatdaky agtygym: — Ata! Alan toklularyň goçalýarmy — diýip, jaň etdi. Menem: — Goçalýar welin, gijelerine itlerden gorkýar — diýdim. Onda agtygym: — Men barynçam pyçak, palta, ýüp taýýarlaň. Toklularyňy soýup, gowurdak edeli, şonda itler gorkuzmanjyk geçerler — diýip, meseläni aňsatjak çözäýdi.

2
2 03.07.2025
Çagalar şat — dünýe şat

Ak arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýarlygyny gazanmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap derejede gurlup, ulanylmaga berlen çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalara gujagyny giňden açýar.  Şu günler «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň işgärleriniň çagalary tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmek üçin «Nesil», «Çeşme», «Şöhle» we «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tapgyrma-tapgyr ugradylýar. Dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda çagalaryň 143-si, 2-nji tapgyrynda 165-si çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradyldy we olar ajaýyp binalarda wagtlaryny hoş geçirýärler. Çagalaryň dynç alyş möwsüminiň 3-nji tapgyrynda bolsa 200-e golaý çagany dynç alyş merkezlerine ugratmak meýilleşdirilýär.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň geljegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküsi alyslara ýaň salýar. Okuwdan boş wagtlaryny şatlykly geçirýän kalplary buýsançdan doly bagtyýar nesiller Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar.  Tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar bilen dowam edýär. Goý, şadyýan tomsuň ajaýyp günleri Watanymyzyň geljegi bolan bal çagalaryň şatlygyna şatlyk goşsun!  Begmuhammet ATAÝEW. 

4
4 03.07.2025
Bitaraplyk — abadan geljegimiz

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjelerdir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna şan goşar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolýar. Bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär. Laçyn KAKAJANOWA.

29
29 25.06.2025
Bagtly geljegimiziň kepili

Türkmen halky hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýene bir guwançly senesi — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu senäniň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň eşretli ertirki gününi, döwletli döwranyny baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki günde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bilşimiz ýaly, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek oňyn teklipler yglan edilip, olar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygynyň geçen 30 ýyla golaý döwründe ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasatynda däl, eýsem, içeri syýasatynda-da, durmuş-ykdysady ösüşlerinde-de, medeni-ruhy gatnaşyklarynda-da beýik işler durmuşa geçirildi.  Ogulşeker DURDYÝEWA.

27
27 25.06.2025
Maksatlaryň myrat bolýan Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän   hormatly   Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda uly işler bitirildi we bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramakda alnyp barlýan işler hem giň gerime eýe boldy.  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Şeýle işlere mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäherini ýatlasak ýakymlydyr. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag   eteginde gurlup, birinji tapgyrynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdigi bilen  dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurluşygyna girişilen bu örän iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy.  Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklap, bu döwletli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, bu şäher  “akylly” şäher ady bilen meşhurlyga eýe boldy. Dogrusy, Arkadag şäheri maksatlaryň myrat bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy netijesinde sanlyja ýyllarda kemala gelen bu döwrebap şäheriň  halkara sylaglarynyň ençemesine mynasyp bolmagy-da   Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň miwesidir. Türkmen halky ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen aýdyň geljegine barýar. Baýram AMANOW.

29
29 25.06.2025
Işleri  ýokary  guramaçylyk  derejesinde  alyp  barmaly

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet  Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly     Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

30
30 23.06.2025
Maşgala mukaddesligi — milli terbiýäniň gönezligi

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrap polisiýa, bilim bölümleriniň wekilleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Täzegül Gurdowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähri ANNAÝEWA.

75
75 23.06.2025
Medeniýetiň we sungatyň beýik dabaralanmasy

22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.  Şol gün irden 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.  Asylly däbe görä, myhmanlar «Türkmeniň ak öýi» binasynda duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär. Bu ýerde ajaýyp halylar, keçeler, gobelen önümleri, senetçileriň eserleri, heýkeller, milli lybaslardyr matalar, nepis şaý-sepler, saz gurallary, adaty türkmen durmuşyna degişli esbaplar, surat eserleri, neşir önümleri görkezildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.  Şol gün “Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek baradaky asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary wasp edildi. Artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.  Konsert tamamlanandan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi. Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli “Ak bugdaý” muzeýinde dowam etdi.  Soňra muzeý hünärmenleriniň «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.  Maslahatyň dowamynda muzeý işini guramagyň usulyýetini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat derejesinde-de uly ähmiýete eýe bolan maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek meseleleri hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Muzeý gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, arheologik tapyndylary hasaba almak we saklamak, gadymy ýaraglary hasaba almagyň, goramagyň aýratynlyklary, muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň düzgünleri we tertibi, muzeý işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky çykyşlar diňlenildi.  Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýununyň görkezilişi boldy.  Dabaralar Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi.  TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

87
87 19.06.2025
Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, «Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk» ady bilen aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bibihatyja HATAMOWA.

82
82 19.06.2025
Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow açdy we alyp bardy. Şeýle hem onda Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, “Maru — şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Yhlas Amanmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy Sytdyh Rahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary, dünýäniň iň iri maýa goýum kompaniýalary bilen ylalaşyklary barasynda durup geçdiler. Şemşat SAÝLYÝEWA.

45
45 18.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti   Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr  Žaparow,  Täjigistan   Respublikasynyň    Prezidenti  Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat   Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.              Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi  Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de, sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal  welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden  Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

466
466 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

392
392 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

520
520 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

448
448 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

420
420 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

536
536 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

368
368 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

390
390 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.