Gyş gazaply gelende ýaplar bagry bilen gataýar, guýularyň ajy, şor suwlusy doňman, mallary ýakmaga ýaraýar. Sowuk boldugyça-da mallar köp suw içýän ýaly. Garam galyň düşüp aýaza ýüzi gyrpaklap buldurçyn basansoň, mallaryň injik hamyny sypyryp ýara salýar. Onsoň eldeki mallar kaşarda saklanýar. Ýöne dat, ýabanylaryň gününe. Kä aýazly gijeler aňzaga çydaman, kaşara gelýän keýikleri: «Awçy awy mert bolmaly. Ejizläne degmek namartlykdyr” diýýän çopan olary goraýardy. Şol aldajy aýazda dogulýan guzularam bize dertdi. Garawullap, oda tutup daşyny guratmasaň, olar saňgaty bolup, doňup galýardy.
Ine şeýdip «Bir depämiz, bir dabanymyz degýän” döwürde, bir zat gözläp paty-puty goýýan ýerdöle kysmy jaýymyzy açsam, bir zat ilk-ä “hasss” edip soňam «gyggg” edýän sesi bilen zährämi ýardy. Ylgap: «Ýerdölede bir zad-a bar. Zemzen bilen ýylan-a gyş ukyda...” diýsem, çopan gaşynam galdyrman: «Döwük penjiräň öňünde garagulagyňmy, köwügiňmi aýak yzy bardy. O janawaram aýaza çydaman, bizi penalap gelendir. Belki, köpelmeli wagty golaýlandyr” diýdi.
Derrew döwük aýnany berkläp, ýalpak gapda geçiniň süýdüni, galan nahary goýup başladym. Howa maýlap, arkamyza şemal çalanda köwük köpeldi. Itleriň ýok wagty awa çykýan köwügi, goş garawuly garry köpekden goramagam maňa dertdi. Gijenleriň köwükleriň gözi açylanda birini goşa getirip gizledim. Awdan gelen köwük esli wagtlap «a” sesini uzyn edip «wawlap” çagasyny gözledi, soňam çagalaryny agzynda hallanladyp ýitirim boldy. Goşda galan gijen (köwük) welin, azyk-owkadyňy nirede gizleseňem tapýan gemrijilere garşy göreşip hezil berdi.
Saryja tomsuň öňýany başga guýa göçenimizde gijeni ýitirdik. Güýz gyrkymyndan soň ýene Çomuçla geldik. Mallar örä gitdem welin, apaň-apaň basyp gaplaň ýöreýşini edip, gijen bir ýerden çykdy. Aýagyma süýkenip, «myrryldap” ýallaklar öýtdüm. Eger-eger mizänogam. Gaýta gözüňe göni garap: «Men seň eýläňe-beýläňe geçip zat dileýän, bermeseňem ogurlaýan öýdeçi pişigiň däl. Öz awyny özi alyp, öz gününi özi görýän erkin köwük men” diýýän ýaly, goşda güberlip ýatyr. Çopan: «Göwresi öý pişiginden üç esse uly köwük çeýeden gelen çalasyn, dogumlydan gelen garadangaýtmazdyr.
Gurt çagasyndan ekdi bolmaýşy ýaly, köwükdenem eldeki çykmaz. Köwük erkinligini elden bermeýän, Hydyr gören gumly garyndaş-da» diýip, gijeni guwanç bilen synlady.
Ynsanyň yssy mährini dadyp, azabyňy puja çykarman, mahal-mahal habar tutýan köwük, diňe bir Çomuçly guýynyň töweregine “Gijen” adyny goýman, eýsem, ýakymly ýatlama bilen ýüregimde-de ýitmez yz goýdy.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








