Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we dürli pudaklarda zähmet çekýän işjeň agzalary hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Aýdymlarda ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçly işleriniň waspy edildi. Şeýle-de, dabarada işjeň agzalaryň hem-de talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary belentden ýaňlandy.
Annagözel SARYÝEWA.








