Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe toýlary toýlara, ulaşýan eziz Diýarymyzda ösüşiň ak ýolundan rowana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda Watanymyzda baýramlarymyzyň naýbaşysy Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenýär. Şeýle toý dabaralary Mary welaýatymyzda-da uly ruhubelentlikde toýlanýar. Sakarçäge etrabynyň Medeniýet öýünde-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Sakarçäge etrap häkimlikligiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Sakarçäge etrap bölüminiň gurnamagynda “Garaşsyzlyk bagtym meniň” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri, bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Watanymyzda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň aýdyň gelejegi urynda alyp barýan döwlet syýasatynyň uly buýsanç bilen beýan etdiler. Medeniýet öýüniň giň sahnasynda etrap medeniýet öýleriniň bagşydyr-sazandalarynyň, tans hem-de döredijilik toparlarynyň görkezme çykyşlary dabara gatnaşanlaryň baýramçylyk, toý joşgunyna has-da goşant goşdy. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ýerine ýetirilen aýdymdyr, sazlarda Watanymyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Lidermiz, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň aýdyň gelejegi urynda alyp barýan döwlet bähbitli beýik işleriniň, baýramlarymyzyň naýbaşysy bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy belentden wasp edildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Azat BEGLANOW.








