Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň idegini ýetirmek bilen bir hatarda gant şugundyrynyň bol hasyly ugrunda hem aladalanylýar. Gant şugundyryny ýetişdirýän kärendeçileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyz boýunça bugdaýdan boşan meýdanyň 17 müň 900 gektaryna gant şugundyry ekildi. Bol hasyl ugrunda aladalanýan kärendeçiler gant şugundyryndan kadaly gögeriş aldylar. Şugundyrçy kärendeçiler bu ekiniň idegi talap ediji ekindigine örän oňat düşünip, ýadawsyz zähmet çekýärler. Aralyk ekin bolan gant şugundyry ikinji ekin bolup ýer eýesiniň girdejisini goşalandyrýar. Şeýle-de, topragyň gurplanmagynda hem ähmiýeti uly bolýar, ýer haşal otlardan saplanýar.
Gant şugundyrynyň ekilýän döwrüniň howanyň gyzgyn günlerine gabat gelýänligi sebäpli yzgaryny ýetirip durmaly. Hatarara bejergi, ýekeleme, otag işlerini çalt we ýokary hilli ýerine ýetirmeli. Agrotehnikanyň talaplaryna görä alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Daýhan yhlasy siňýän ekinler kadaly boý alýarlar.
Welaýatymyzda öndürilýän şugundyryň agramly bölegi Garagum etrabynyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda öndürilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanyljak ýylynda hem etrabyň ussat kärendeçileri 6 müň gektar ýerde gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar. Etrabyň “Baýramaly”, “Garagum kanaly”, “Ak altyn” daýhan birleşikleriniň kärendeçileri bugdaýdyr gowaça bilen birlikde gant şugundyryny ýetişdirmekde hem uly tejribe toplap, ýokary netije gazanmagy başarýarlar. “Kärine wepaly — tapar kemaly” diýlişi ýaly, ussat kärendeçiler çekýän zähmetiniň hözirini hem görýärler.
Etrabyň zähmetsöýer kärendeçileri bagtyýar durmuşy peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwlaýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.