"Maru - şahu jahan" gazetiniň habarçysy B. Amanow welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwlet AMANGYLYJOW bilen duşuşyp, galla oragynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.
— Galla oragynda däne ýygymyna gatnaşjak kombaýnlar ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryna laýyk getirilmelidir. Däne ýygnamaga gatnaşýan tehnikalaryň hemmesi ýangyn söndüriji enjamlar (2 sany ot söndüriji, 2 sany sübse, pil, keçe) bilen üpjün edilmelidir. Galla ýygnamaga gatnaşýan tehnikalaryň ählisi işe başlamazdan öň kärhanada düzülen ýörite iş topary tarapyndan ýangyn howpsuzlygy taýdan barlanmalydyr. Däne ýygymyna gatnaşýan tehnikalaryň sürüjileri bilen ýangyna garşy we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň kadalarynyň talaplary hakynda gözükdirme geçirilmegini guramaly. Gözükdirme tabşyrmadyk sürüjileri ýygyma goýbermeli däldir.
Wagtlaýyn meýdan düşelgeler däne meýdanlaryndan, harmanlardan, küdelerden azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşdirilmelidir. Meýdan düşelgeleri üçin saýlanyp alnan meýdançalaryň daş-töweregi 4 metrden az bolmadyk inlilikde sürülmelidir. Däne meýdanlarynda, hatda olaryň ýakyn ýerlerinde, şeýle hem saman üýşmekleriniň töwereginde çilim çekmek, ot bilen baglanyşykly işleri geçirmek gadagandyr. Kombaýnlaryň sürüjileri ertirlik, günortanlyk, agşamlyk naharlaryny bişirenlerinde, çaý gaýnadanlarynda ody açyk meýdanda ýakmak bolmaýar. Töweregi azyndan 15 metr giňlikde gury ot-çöpden arassalanan, ýarym metre çenli gazylan çukurda ýakmak maslahat berilýär.
Tehnikalaryň ýerleşdirilen ýerleri hapa-haşal gury ot-çöplerden arassalanmalydyr. Galla meýdanlarynda işleýän tehnikalary gözegçiliksiz galdyrmak gadagandyr. Däne saklanylýan ammarlaryň ýangyn howpsuzlyk ýagdaýlaryny hem berk gözegçilikde saklamalydyr. Olar ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri — çelekli suw, bedre, sübse, keçe, pil bilen üpjün edilmelidir. Ammar jaýlarynyň tok geçirip simleriniň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmeli. Ammarlaryň çäginde ýangyna garşy niýetlenen suw howuzlary gurat we suwdan doly ýagdaýda saklanylmaly. Şeýlelik-de, ýangynyň döremegine sebäp bolup biläýjek zatlaryň hemmesiniň öňüni almak biziň borjumyzdyr.








