Ýurdumyzda gallaçy daýhanlaryň iň jogapkärli hem-de gyzgalaňly döwri bolan galla oragy bilen baglanyşykly çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Welaýatymyzyň ak ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap, döwlete tabşyrmak ugrunda gallaçy daýhanlar, bugdaý orujy kombaýnlaryň hem-de galla çekýän awtoulaglaryň sürüjileri tutanýerli zähmet çekýärler.
Oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly günlerinde gallaçylaryň asylly zähmetini halk köpçüligine ýaýmak, höweslendirmek we olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen TDP-niň welaýat komitetiniň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýörite topary Tagtabazar etrabynyň gallaçylary bilen iş üstünde duşuşdylar, armasyny berdiler, galla oragy bilen baglanyşykly işleriň barşy bilen içgin gyzyklandylar.
Duşuşygyň dowamynda gallaçy kärendeçilere, bugdaý orujy kombaýnlaryň hem-de galla çekýän awtoulaglaryň sürüjilerine TDP-niň welaýat komitetiniň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Pendi iliniň zähmetsöýer babadaýhanlary ýerden bol hasyl almak üçin daýhanlara döredilip berilýän uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny aýtdylar.
Berdimyrat ÝAKUBOW.