Sabyr-takatly bolmak gyssanmaç ýagdaýda bir netijä gelip, soňra masgara bolmakdan halas eder.
Kanagatlylyk we sabyr-takatlylyk erkinligiň esasy sütünidir. Nebis adamy masgaraçylyga eltse, kanagatlylyk diňe abraý getirer.
Ynsanyň ähli edýän işleri, ilki bilen, onuň pikirinde döreýändir.
Akylly adam özüne dost tutunmalydyr we çaganyň ýaşlygyndan terbiýelenişi kimin ýa-da ýaňy düýp tutan nahalyň idedilişi kimin, ony diňe ýagşy işlere gönükdirmelidir.
Kimdir birinden üstün çykmak üçin ol adamyň aýbyny gözlemegin! Aýp gözlemek ejiz adamyň we namardyň işidir.
Özüniň nebsini ýeňip, kimdir birine ýardam berip, eden ýardamyna derek hiç bir zat islemeýän adam sahy adamdyr.
Ýaşaýşy, durmuşy, özi hakyndaky ýagşy ýatlama çalşyp bilýän adam edermendir.
Ynsan ynanç bilen ýaşamalydyr.
Ynsanyň ähli häsiýetleri jübütdir. Ýagşylygyň ýanynda ýamanlyk, adalatyň ýanynda zulum, gaharyň ýanynda bolsa rehimdarlyk bardyr.
Nebis ynsany rahatlykdan we asuda ýaşaýyşdan jyda düşürer.
Adamyň gylyk-häsiýeti onuň terbiýe alan maşgalasyna mahsusdyr.
Dogry sözlülik päk kalpda orun tutýandyr. Dogry sözli adamlar adamlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýandyrlar.
Pikirdeş adamlarda biri-birine gapma-garşylyk ýüze çykmaz. Pikiriňi diňe özüňe pikirdeş we goldajak adamlaryň arasynda aýt.
Akyl haýyr-yhsan işleriniň çeşmesidir.
Taýýarlan
Penji DURDYÝEW.








