Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hususy ulgamynyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň çäginde gurlup ulanylmaga berilýän il – ýurt bähbitli desgalar, ýyladyşhanalar halkymyzy ýokary hilli harytlar we gök önümler bilen üpjün etmäge uly ýardam berýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän ,,Eziz dag” hojalyk jemgyýetine degişli bolan gök önümleri ýetişdirilýän döwrebap ýyladyşhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hem welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly günleriň birine öwrüldi.
Ýurdumyzyň ak bazarlaryny gök önümleri bilen bol elin üpjün etmäge ýardam etjek bu uly göwrümli ýyladyşhanada pomidoryň dürli görnüşleri ösdürip ýetişdirilýär. Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän il – ýurt bähbitli ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Eziz dag” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Halkymyzyň gök önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen gurlan bu döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu ýyladyşhananyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, işewür telekeçiler, gök ekerançylar we oba hojalyk işgärleri gatnaşdylar. Dabara tutuşlygyna aýdym – sazyň hoş owazyna beslendi. Medeniýet işgärleriniň bu ýerde belent heňlerde ýerine ýetiren aýdymlary, tans toparlarynyň ýurdumyzyň ösüşlerini, milli medeniýetimiziň ösen derejelerini giňden beýan edýän tanslary dabara gatnaşanlaryň göwünlerini joşdurdy. Ýokary ruhubelentlige beslenen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar Watanymyzyň hususy ulagmy ösdürmekde alyp barýan rowaç işleri, telekeçileriň çekýän päk zähmetleri, Täze ýyl baýramçylygy wasp edildi. Dabarada bu ýyladyşhananyň ulanylmaga berilmegi we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzyň telekeçilerine işlemäge giň şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda ýyladyşhananyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra dabara gatnaşan myhmanlar ýyladyşhanada pomidoryň bol hasylyny ýetişdirmekde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Myhmanlar ilki bilen bu ýerde ýurdumyzyň gök we bakja önümleriniň bolçulygyny giňden beýan edýän oba hojalyk önümleriniň sergisini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergidäki ýokary hilli oba hojalyk önümleri ýurdumyzda halkymyzyň gök we bakja önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda uly ösüşleriň gazanylandygyny aýdyň görkezýär. Telekeçileriň yhlasly zähmetleri bilen gurlan we ýylda iki müň tonna pomidor ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen bu ýyladyşhana döwrüň ösen iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilipdir. Onuň tutýan meýdany tutuşlygyna suwaryş we ýylylyk ulgamlary bilen gurşalyp, bu enjamlar kompýuteriň üsti bilen sazlanýar we ýyladyşhananyň içiniň çyglylyk derejesi hem kada laýyk derejede saklanylýar. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän pomidoryň her bir düýbüne aýratynlykda göwnejaý ideg edilýär we goşmaça iýmit bilen iýmitlendirilýär. Ýörite gutujyklarda ýerleşdirilen arylaryň kömegi arkaly ekinlerde tozanlandyrma işleri geçirilýär. Ylmyň gazananlarynyň ekerançylyga ornaşdyrylmagy özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Täzeçe, ygtybarly usullaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde bu ýyladyşhanada pomidoryň ekologiýa taýdan arassa hasyllary ýetişdirilýär. Göni hatarlarda gözüňi dokundyryp duran bu pomidor hasyllary işewür telekeçileriň çekýän asylly zähmetleriniň ajaýyp miweleridir. Umumy tutýan meýdany 12 gektara deň bolan bu ýyladyşhanada pomidoryň dokuz görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň ýaly ekologiýa taýdan arassa gök önümi ýetişdirmek işleri bolsa Hormatly Prezidentimiziň özümizde öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň amala aşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu uly göwrümli ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor hasyllary bilen ilkinji nobatda halkymyzy we içerki bazarlarymyzy üpjün etmek hususy kärhananyň işçileriniň baş maksady bolup durýar. Şeýle-de bu ýerde öndürilýän pomidor hasyly dünýäniň dürli döwletlerine eksport ediler. Täze ýyladyşhananyň işleri, onda ýetişdirilen bereketli pomidor hasyly bilen ýakyndan tanyşan bagtyýar raýatlaymyz döwrebap ýyladyşhanalary gurmak, ak bazarlarymyzy gök önümler bilen bolelin üpjün etmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.








