Ata-babalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanan gurallary, enjamlary, öý goşlary wagtyň geçmegi bilen mirashana gymmatlyklaryna öwrülip galýar. Olar bilen baglanyşykly aýtgylardyr matallar ýaş nesillerimize ol esbaplar bilen has içgin tanyşmaga uly ýardam edýär:
Degirmen garrap ýargyjak bolar. Ýargyjak — şalynyň gabygyny arassalamak üçin daşdan edilen gural.
***
Degirmen öz işini eder, şakyrdysy baş agyrdar.
***
Gyz görnügi gabakda, degirmen erki süýbekde. Süýbek — el degirmeniniň aşaky daşynyň ortasyndaky kakylan we ýokarky daşyň jykyrjygynyň içinden geçýän barmak boýly agaç.
***
Degirmenim bar — doýgun demim bar.
***
Degirmenim — unly genjim.
***
Süňňi pägiň bugdaýy — kilwanyň rysgal toýy. Kilwan — degirmende un üwemek işinde işleýän adam, degirmençi. Bu sözüň harazçy, harazman diýen manylary-da bar.
***
Harazman eline düşse algyr baz,
Ganatdan aýrylar, gadryn näbilsin.
Magtymguly.
***
Biziň öýde bir kişi,
Agzynda bar kyrk dişi.
Horjun.
Annamyrat BERDIMYRADOW.








