Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi, pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Bu möwsüme ähli tarapdan taýýarlykly gelen her bir ýer eýesi işleriň göwnejaý alnyp barylmagy ugrunda aladalanýar. Tohum, dökün, suw, kuwwatly tehnikalar bilen göwnejaý üpjün edilmegi daýhany zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Murgap etrabynyň kärendeçi daýhanlary hem bu işde tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler. Çäçdepe geňeşliginden telekeçi doganlar Nurgeldi Atahanow 24 gektar ýere, Mekan Atahanow 50 gektar ýere eýelik etmek bilen, oba hojalygynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Olar her ýyl ekin ýerlerinden bugdaýdyr pagtadan bereketli hasyl alýarlar. Şu günler altyna deňelýän pagtanyň bol hasylyny üstünlikli ýygnap Watan harmanyna tabşyrýarlar.
TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde telekeçileriň ekin meýdanyna baranymyzda:
— Halkymyzyň arasynda “Ir ekseň harman bolar” diýen ajaýyp söz bar. Ekiniň öz wagtynda ekilmegi bol hasyl almakda esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu söz beýleki ekinler bilen bir hatarda bugdaýa hem degişli bolsa gerek. Çünki, bugdaý ir ekilende oňat gögerip, gyşdan öň özüni tutmaga mümkinçilik bolýar. Biz hem bugdaý ekişini göwnejaý geçirmekde ýanýoldaşym Alma Atahanowa bilen yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris — diýip, Nurgeldi Atahanow gürrüň berýär.
Bugdaý ekişini geçirmekde olara Murgap etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary Kakageldi Öweznepesow, Gurbangeldi Salyhow, Mekan Orazow ýakyndan ýardam berýärler. Olar ekiş möwsüminiň üstünlikli tamamlanmagy üçin jan aýaman zähmet çekip, alkyşly sözlere mynasyp bolýarlar. Ýer eýeleri bilen birlikde mehanizatorlar hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet sowgatlary bilen jemlemek üçin gaýratly işleýärler. Täze hasylyň, bereketli, bol boljagyna umyt baglaýan doganlaryň gadamlary batly, ümzükleri ileri.
Telekeçiler halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýer eýelerine toprakdan bol hasyl öndürip, bagtyň hözirini görmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








