Ata-babalar ähli aýtgylarydyr nakyllary durmuş synagyndan geçire-geçire, paýhas eleginden eleýe-eleýe hakyda ýazypdyrlar. Ilçilikde köpbilmiş, sowukganly kişä «Ýylan etini iýen ýaly», mekir-biwepa kişä «Goltugyňda ýylan saklan ýaly”, gyzgyn duýgulara biperwaý kişä «Ýylan bilen ýatan ýaly» diýilýär...
...Çöl jandarlarynyň Ülkerdäki Aýly agşamlarynyň birinde bolan waka «Ejizlese, ýylana-da ezmaýyş et” diýlen aýtgyny depderime “Dogry” diýip ýazmagyma sebäp boldy...
Howanyň gowy günleri çopan, çoluk, ýanaw süriniň töwereginde ýatara ýer saýlaýar. Ýanaw mör-möjekden gorkup, süriniň içinde, çoluk çatmanyň ýanynda daşyna çöpür tanap aýlap, Ora däde bolsa hor çekýäni üçin açyk ýerde, ak çägede arkan düşüp ýatmagy gowy görerdi.
Agzyma uçuk gaýnadan şol Aýly agşam bir sebäp bilen hor çekmesi pessaýlan çopana seretmenmi?! Aýyň ýagtysyna sowuklaç ýylpyldaýan zat, siňe syn etsem çopanyň döşünde köke kimin düýrlenen ýylan eken. Galdym bir görgä. Gygyrsam, çopan bijaý hereket etse, ýylanam çakaýsa... Egri taýagy aýlap salsam, nyşana degmän betbagtçylyk döredäýse... Ýöne, gygyraýyn diýsem gurap, tüýdüge dönen bokurdakdan hygyldydan başga ses çykanog-a. Ýylan birden kellesini galdyryp, alkymyny çişirip, maňa haýbat atan ýaly etdi-de, çözlenip, sumat boldy. Onýança ukudan oýanan Ora çopan pessaý ses bilen: “Hä, näme?! Aždar gördüňmi, şir gördüňmi?!» diýip sorady. Maňlaýa inen sowuk deri syryp, sakawlap, gören zadymy aýtdym. Goja aýbogdaş oturyp: “Birinjiden-ä, ýatana ýylan degmez. Galyberse-de, kepjebaş “uzyn möjekleriň” içinde merdidir. Gömülgen ýaly namart däldir. On bäş ýaşdan bäri gum kitabyny okap ýörün. Çöl jandarlarynyň haýsy ejizlese, ölüm howpy abansa, tebigy betbagtçylyga uçrasa, hatda hassalasa-da adamdan haraý isleýär. Ýaňky bitaý betbagt “garry gamçy” bolsa, dişden-güýçden gaçan “köne tanyş”. Haýwan-a haýwan, ejizlese adamam adama barýandyr kömek sorap...
Garrylaryň gürrüňine görä, gojaman Ýer şary gowy adamlaryň hasabyna aýlanyp durmuşyn. Entiräne goltgy bermek bolsa türkmeniň dogabitdi zandynda bar-a” diýip janykdy.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








