Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň soňky günlerinde türkmen jemgyýetinde şanly waka bolup geçdi. Has takygy, ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýokarda atlary agzalan Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän ulag we energetika syýasatynyň giň gerime eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigine aýdyň subutnamadyr. Mysal üçin, BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamada energiýa serişdeleriniň dürli ulag ulgamlary arkaly halkara bazarlaryna çykarylmagynyň özara bähbitli möhüm wezipeleri öňe sürülýär. Şeýle hem ýokarda ady agzalan Kararnamada energetika meselelerini çözmäge ylalaşykly, toplumlaýyn çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň, durnukly ösüş babatda maksatlary gazanmaga aýratyn üns bermegiň derwaýysdygy bellenilýär. Dogrusy, resminamada energetika bilen bagly meseleleriň uly toplumynyň üstünde durlup geçilip, ol umumadamzat bähbitli çözgütlerdir.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýokarda ýatlanan Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigine aýdyň mysaldyr. Şu Kararnamalaryň halkara derejesinde ulag ulgamyny ösdürmekdäki, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uly bolany üçin Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda uly goldaw tapýandygyny ýatlamak ýakymlydyr.








