Bilşimiz ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolmagy mynasybetli Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdepde “Dil bilen dünýäni gezer” diýen at bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Işjeň häsiýete eýe bolan bu maslahaty Baýramaly şäher bilim bölümi, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşi bilen bilelikde guradylar. Oňa ýokarda ady agzalan bölümiň we TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri, şäherdäki mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatda Baýramaly şäher bilim bölüminiň hünärmeni Gunça Nazarowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň baş hünärmeni Selbi Çolukowa, şu mekdebiň müdiri Enebaý Agamyradowa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň türkmen-italýan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekdäki taryhy ähmiýeti barada gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle hem resmi saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen-italýan işewürlik maslahatynda hem-de Italýanyň paýtagty Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşlary dogrusynda durup geçdiler.
Bagtygül GURBANOWA.








