Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny düpli özgertmek barada amala aşyrýan beýik maksatly işleri ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň işleriniň barha öňe ilerlemegine uly badalga berýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän ýeňilliklerden, kömekdir goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän daýhan hojalyklaryň agzalary bilen bilelik-de işewür telekeçiler hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda işjeňlik görkezýärler. Mary welaýatynda döredilen daýhan hojalyklarynyň babadaýhanlaryň bu ugurda çekýän asylly zähmetleri-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Daýhan hojalyklaryň zähmetsöýer adamlary ýylyň-ýylyna gowaçanyň we bugdaýyň şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän we biziň howa we toprak şertlerimize durnukly tohumlaryny ekip, olara göwnejaý ideg edip, oňat iş netijelerini gazanýarlar. Şeýle daýhan hojalyklaryň biri-de Mary etrabyndaky Akmyrat Nursähedowyň daýhan hojalygydyr. Akmyrat aga öz daýhançylyk tejribesine daýanyp, bu daýhan hojalygyna köp ýyllardan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ol oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak işlerinde oba ýaşulylary bilen hem ýzygiderli maslahatlaşyp durýar. Daýhan hojalygynyň medeni zonadan uzakda ýerleşen 100 gektar kärende ýerinde häzirki wagtda gowaçanyň bol hasyl berýän görnüşi ýetişdirilýär. Göwnejaý ideg edilýän gowaçalar häzirki wagtda bol hasyl toplaýar. Daýhan hojalygynyň şu ýylky galla oragy möwsüminde hem döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirendigini-de aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň babadaýhanlaryna tohum, tehnika, dökün babatda berýän goldawlary bilen ruhlanýan bu daýhan hojalygynyň daýhanlary häzirki wagtda 250 gektara güýzlik bugdaý we gant şugundyryny ekmegi meýilleşdirýärler. Olar ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Mary etrabynyň çägindäki daýhan hojalygynyň zähmetkeş adamlary ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň gujurly zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.