Miwäni iýen wagtyň ekeni ýatdan çykarma.
Ýere bir sagat gijä galsaň, ýer bir ýyl gijä galýar.
Orak wagty alakalaryňam aladasy köp.
Agaç hernäçe boý alsa-da, köki toprakda galar.
Bugdaý däneden öner, pagta — hanadan.
Gyş suwy — gyzyl suw.
Dökün bolmasa, ekin bolmaz.
Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar.
Dag depesinden garrar, ýer — gyrasyndan.
Oda düşen kül bolar, ýere düşen gül bolar.
Saýany ekmedik saýada oturmaz.
Ýer ýagmyr bilen, är — alkyş bilen.
Şaly arkasyndan gürmek suw içer.
Ýeriň görki goldadyr, adam görki eldedir.
Çillede suw içen üzüm suwsamaz.
Toplan Hojageldi ATAÝEW.








