Daýhan üçin ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň netijesini görüp, ýetişdiren hasylyna guwanmagyň lezzeti başgaça bolýar. Oňa çenli her bir ýer eýesi tä ekine taýýarlykdan başlap, hasyl ýygnalýança maňlaý derini topraga siňdirýär. Toprak yhlas bilen zähmet çekýäne berekedini bolluk bilen eçilýär.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary bilen gowaçanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu günlerde hem pagtaçy kärendeçiler ýetişdiren hasylyny ýygnamak işini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Pagta ýygymynyň dowam edýän günlerinde ekerançylyk meýdanlarynda daýhanlaryň zähmetiniň ýerine düşýändigini görýärsiň.
Daýhan derine eýlenen topragyň bereket hasylyny öz wagtynda ýygnamak diňe bir kärendeçiniň işi däl, ol köpçülikleýin alnyp barylýar. Kömekçi gelin-gyzlaryň, pagta ýygýan maşynlaryň kömegi bilen ýygnalýan “ak altyny” göreniňde çekilýän zähmete “Berekella” diýýärsiň. Her gün ýer eýesini ýeňişli sepgide ýakynlaşdyrýar. Ýygyma ilkinjileriň hatarynda girişip, bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren kärendeçileriň ýüzlerçesi bar. Olar meýilnamalaryny ýerine ýetirmek bilen arkaýynlaşman, meýdandaky galan hasyly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga çalyşýarlar. Her bir kärendeçi daýhanyň toýy bolan Hasyl toýuna, şeýle-de, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýärler. «Kärine wepaly — tapar kemaly» diýlenine eýerip, edýän işiňi ýürekden ýerine ýetirseň, göwün diýen netijäňi alyp bolýandygyna her bir kärendeçi örän oňat düşünýär. Nesip bolsa, yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän pagtaçy kärendeçiler üçin dowam edýän altyn güýzümiz rysgal-bereketli bolar. Daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmeginde, ýokary netijeleri gazanmaga bolan höwesiniň artmagynda hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri barada edýän aladalary aýdyň duýulýar.
Welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri ýer eýelerine toprakdan bol hasyl öndürip, bagtyň hözirini görmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýdýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








