Berekede beslenen güýz paslynyň dowam edýän günlerinde ekerançylyk meýdanlaryna baranyňda boýdan başa agaran gowaçaly atyzlarda gözüň eglenýär. Şeýle-de, ak hanalara beslenen atyzlarda zähmet çekýän ýygymçy gelin-gyzlar, pagta ýygýan kombaýnlar ünsüňi çekýär. Agzybirlikli zähmetiň netijesinde daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagtanyň ýekeje hanasyny hem yrýa etmän ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaklyga çalşylýar.
Garagum etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem gyzgalaňly möwsümi başdan geçirýärler. Daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçileriniň biri-de, Göwher Hekimowa 3 gektar ýere eýelik etmek bilen her ýylda bellenilen meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirýär. Üstümizdäki ýylda hem Göwher gelin gowaça ekişine taýýarlykdan başlap, häzirki güne çenli çeken zähmetiniň ýerine düşjekdigine ynanýar. Munuň şeýledigine meýdandaky patrak kimin açylan akja hanalar hem güwä geçýär.Ol ýygyma ilkinjileriň hatarynda girişip, häzirki wagtda 7,5 tonna hasyly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdy. Onuň maksady ýygym möwsümini üstünlikli tamamlap, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet sowgatly barmakdan ybarat.
Ýetişdirilen hasyly diňe bir maşgala agzalary bilen ýygnamak mümkin däl. Bu babatda kärendeçi gelne gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Gapana gündelik goýulýan pagta entek meýdanda hasylyň bollugyndan habar berýär. Her bir oba hojalyk işgäriniň maksady ýyl ýüzi zähmet çekip, ýetişdirilen hasyly wagtynda ýitgisiz ýygnamakdan ybarat.
Bili guşalgy, ýeňi çyzgalgy daýhan zenana: «Ýetişdiren hasylyňyzdan bereket tapyň!» diýip, arzuw edýäris.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








