Mary etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri her ýyly oňat görkezijiler bilen jemleýärler. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr gowaçanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürmäge çalyşýarlar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çekýän zähmetiniň rehnetini hem görýärler, olar bagtyň zähmetdedigine örän oňat düşünýärler. Ýeňişliler hemişe özlerine ýeňşiň ýar bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar.
Hojalygyň agzybir pagtaçy kärendeçileri 1770 gektar ýerde gowaçanyň idegini ýetirmek bilen meşgul bolýarlar. Olar möwsümleýin işleri agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirmek bilen gowaçadan bereketli hasyl almaga çalyşýarlar.
Daýhan birleşiginde kärendeçiler Täçmyrat Durdybabaýew, Maýagözel Patdykowa, Jeren Allaşowa tapawutlanyp zähmet çekmek bilen kärdeşlerine görelde bolýarlar. Kärendeçiler daýhan birleşiginiň başlygy Myrat Allaşowyň, pagta agronomy Muhammetserdar Annagurbanowyň we beýleki oba hojalyk hünärmenleriniň gerekli maslahatlaryny, degerli kömeklerini berýändiklerini gürrüň berýärler. Häzirki wagtda mehanizatorlar Ilaman Patdykow, Gurtmyrat Gurdow hatarara bejergi, iýmitlendiriş işlerini geçirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Rysgyny ene toprakdan gözleýän daýhanyň bol hasyl almak üçin siňdirýän yhlasyny synlanyňda olaryň zähmetiniň ýerine düşjekdigine ynanýarsyň.
Nesip bolsa, daýhan zähmeti bilen günsaýyn boý alýan gowaçalar bereketli hasyl toplap, daýhan buýsanjyna öwrüler.
Durdynabat BAÝRAMOWA.