Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy uly ösüşlere eýe bolýar. Bu pudagyň ýokary depginler bilen ösmegi adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Saçaklarymyzyň rysgal-berekedi bolan gallany, “ak altyn” hasaplanýan pagtany köp öndürmek, her gektar ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin suw, mineral dökünler, kuwwatly tehnikalar bilen ýeterlik üpjün edilýär. Topragyň her daban ýerini mukaddes saýýan ýer eýeleri özleri hakynda edilýän uly aladalara mynasyp jogap bermek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler.
Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda beýleki ekinler bilen birlikde gowaçalara ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ýerden saýlanyp ugran, gyradeň boý alýan göni hatarly gowaçanyň hatararasyny ýumşatmak, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak işleri bellenilen möhletlerde geçirilýär. Gowaça ähli zerur zatlaryň wagtynda berilmegini talap edýän ekin. Bu zatlara örän oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler, mehanizatorlar atyzly pellerde bolup, ähli yhlasyny gününi sanap ösýän gowaçalara siňdirýärler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünliklere beslenýän şu ýylymyz halkymyz üçin taryhy ýyllaryň biri bolar. Çünki dowam edýän ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu şanly senä welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri hem zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýärler.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň saýasynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi üçin zähmet çekmegi özlerine borç hasaplaýan oba zähmetkeşlerine uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Durdynabat BAÝRAMOWA.