Kümüş şaý-sep bezegli gyz-gelinleri göreniňde ýüregiňe ýakymly duýgy çaýylýar. Çünki, kümüşde enelerimiziň yhlasy, söýgüsi, mähri jemlenendir. Bu günki günde halkymyza ata-babalarymyzdan miras galan, gyzyldan gymmatly zergärçilik eserleriniň inçe syrlaryny öwrenmäge uly mümkinçilik bar. Zergärçilik sungaty nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Sungatyň şu görnüşine ýürekden berlen döredijilik adamlary öz hünärini ýaş nesle öwredip, onuň ýitip gitmeginiň öňüni aldylar.
Türkmen zergärleri nepis kümüş şaýlaryny ýasamak bilen, gyz-gelinlerimiziň buýsançlaryna buýsanç goşmagy gözden-dilden goramagy göz öňünde tutupdyrlar: Zenanlar şaý-sepleriň käbir görnüşlerini göz-dilden goranmak üçin hem dakynýarlar. Olara tumar, bazbent, goçbuýnuz, açarbag, heýkel, dagdan we beýlekiler degişlidir. Olaryň arasynda gadymy yrym ynançlary jemleýän kümüş şaý dagdandyr.
Kümüş ussatlary geçmişde dagdanlaryň birnäçe görnüşini ýasapdyrlar. Kümüş şelpeler düzülen dagdanlary gyz-gelinler döşe dakypdyrlar. Dagdanyň şelpeleri iki-üç setirden düzülip, ýokarky şelpelerine hakyk daşy oturdylypdyr. Olar “Şelpeli dagdan” diýlip atlandyrylypdyr. Şelpeli dagdan ýönekeý dagdanlardan ululygy we bezemenligi bilen tapawutlanypdyr.
Kümüş ussalary dagdanlaryň bezeginde hakyk we aýna gaşlaryny köp ulanypdyrlar. Türkmen halky dagdan agajynyň gözden-dilden goraýjylyk güýjüne ynanypdyr.
Umuman alanyňda, dagdanlary häzirki döwrümizde-de göz-dilden goraýar diýen ynanç bilen dakynýarlar. Bu bolsa gadymdan gelýän türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, beýik pederlerimiziň mirasyna, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we yrym-ynançlaryna uly hormat goýuldygydyr.
Türkmen gyz-gelinleriniň dakynýan şaý-sepleri geçmişiň ýakymly ýatlamalaryny oýarýar, geçmiş bilen gyzyklanmaga iterýär.
Hawa, ol nepislikler türkmeniň geçmişi, şu güni hem geljegi. Milletiň akyl-paýhasynyň miwesi bolan bu gözellikler her bir ynsanyň kalbynda kanagat duýgusyny oýarýar. Şeýdibem, bakylyk başlanýar. Pikirinde-hyýalynda ajaplyga ymtylýan kümüş ussalarynyň, ýagny, zergärleriň kakýan çekiçleriniň owazy bolsa bakylyk aýdymyna öwrülýär.
Gülälek ÖWEZMUHAMMEDOWA.








