Ýurdymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwürilişi ýaly täze başlan 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatalyň biri hem Baýramaly şäher medeniýet merkezinde Baýramaly şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher, etrap komitetleriniň, Zenanlar birleşmesiniň şäher, etrap bölümleriniň we şäher medeniýet bölüminiň gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen bu aýdym-sazly dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşalar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy aýdym-sazlara utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabrara gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler.
Azat Beglanow.








