,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Mary etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, Demokratik partiýanyň etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirilip, oňa etrabyň bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen bu maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde ýurt bähbitli garalan meseleleriň ähmiýeti hem-de baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenilip geçildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalary dogrusynda-da belläp geçdiler hem-de dünýäde dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








