Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamlaryň jan saglygy baradaky yzygiderli aladalarynyň hözirini görýän halkymyz uly ruhubelentlikde gaýratly işlemek, bitirilýän il-ýurt bähbitli beýik işlere mynasyp goşant goşmak hyjuwy bilen ýaşaýar.
Çaý — adam bedeniniň tebibi. Çaý ganyň düzümindäki ýaglaryň derejesini peseldýär, ganyň basyşyny kadalaşdyrýar. Merkezi nerw ulgamyna we ýürege kuwwat berýär. Bogun kesellerini, dümewi, hatda ýüze çykýan öýken sowuklamasyny bejermäge hem ýardam berýär. Çünki, çaýyň düzüminde tanin, aşgarlaýjy maddalar, askorbin we nikotin turşusy hem-de az mukdarda kofein maddalary bar.
Alymlaryň aýtmaklaryna görä, çaý agajy 100 ýyldan hem köp ýaşap bilýär. Iri ýaprakly çaýlar ýokary hilli diýlip hasap edilýär. Çaýlaryň esasan gök, gara, sary hem-de gyzyl görnüşleri bar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly ajaýyp eserinde çaýyň taryhy, ösdürilişi we dünýä ýurtlarynda taýýarlanylyş aýratynlyklary, adam saglygyna ýetirýän peýdasy aýdyň beýan edilýär. Alym Arkadagymyz kitabynda şeýle belleýär: «Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ajaýyp eserleri çaý başynda döredilen eserlerdir diýip pikir edýärin. Sebäbi, akyl zähmeti bilen yzygiderli meşgullanylan halatynda çaý içmek bedene kuwwat, seriňe tämizlik berýär».
Şasoltan ALLAMOWA.








