Bedewleriň ýaryşa goşulýan pursatlaryny synlap oturanlaryň şowhuny töweregi gurşapdyr. Uly mähellä goşulyp, ýaryşa tomaşa etmäge gelen janköýerleriň arasynda özüme bellenilen ýerde ornaşdym. Biri-birinden ýyndam bedewleriň içinden haýsyny saýlap, haýsyna janköýerlik etjegini bilmän alabaşagaý bolup oturan adamlaryň içine men hem siňip gitdim.
Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy başlandy. Mähelläniň şowhuny has-da artdy. Meniň öz ýanymdan bellän mele reňkli Toprak atly bedewim kä öňe geçýär, kä yza galýar. Içimdäki galagoplugy daşary çykaranymy hem duýman galdym:
— Bol, bol, öňe, az galdy ...
Bedewler çapyp barýarmy, uçup barýarmy diýdirýän şu pursatlary gözüň bilen synlamak has-da başgaça eken. Hakykatdanam, olar uçup barýana çalym edýär. Häzir suratkeş bolan bolsa şu pursady nähili çekerdi?! Surata näme diýip, at goýardy?! Belki-de, häzir heniz görülmedik şekil dörändirem. Ussat eller şu pursady sünnäläp oturandyr. Çünki, bu syrly ahwalat hiç kimi biparh goýanok ahyry.
Bedewleriň reňkini, toprakdyr tebigatdan alýan özboluşly owadanlygyny synlanyňda, göwnüň galkynyp, kalbyň heýjana gelýär. Aňymda orun alan ajaýyp setirler hem-de bedewleriň çapyp gelýän şowurgynly sesleri heniz eşidilmedik owaz bolup gulagymda ýaňlanýar. Baharyň sergin, sähraýy howasy, daş-töweregiň gül-günçalara beslenmegi bedew atlaryň täsin tebigy gözelligini has-da artdyrýar. Nagma kakýan bilbiller, jürk-jürk edip saýraýan guşlar hut şu pursadyň waspyny ýetirýän ýaly, gülden-güle, bagdan-baga gonup, perwaz urup uçup ýörler.
Ýaryşyň gyzgalaňly ýeri barha golaýlaşýar. Bedewler soňky aýlawdan pellehana sary ýola düşdüler. Men bedewlerden gözümi aýryp bilmän durşuma dik duran ýerimde şu goşgy setirlerini gaýtalap başladym:
— Çap, atym, çap, bu gün ýeňjek günüňdir,
Dal bedewler ula gider toý güni.
Artdyryp mähelläň şatlyk-şowhunyn,
Pellehana süýnüp gelýäň gös-göni.
Läle ZAKIROWA.