“Täze aý önümleri” hojalyk jemgiýetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda geçiren dabaraly maslahat döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Bu maslahata hojalyk jemgiýetiniň önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş oglan –gyzlaryň uly topary gatnaşdy. Maslahatda çykyş eden adamlar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen döwletimiziň ykdysady ösüşleri, ýetilen belent sepgitler we üstünlikler, hususy ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasaty netijesinde Baky Bitarap döwletimiziň dünýädäki at –abraýy barada buýsançly gürrüňler edidi.Garaşsyz ,hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy.
Çarymuhammet Saparow.








