Bereketli güýz paslynyň gelmegi bilen welaýatymyzyň hojalyklarynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaklyga girişildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 224 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamagy maksat edinýän şugundyrçy kärendeçiler welaýatymyz boýunça 17900 gektar meýdanda gant şugundyrynyň tohumyny ekdiler we olaryň gaýratly çeken zähmetiniň netijesinde çig malyň bereketli bol hasyly ýetişdirildi. “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu jogapkärli möwsüme doly taýýarlykly geldi. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri hasyl ýygymy möwsüminde kärendeçilere ýakyndan kömek-goldawlaryny gaýgyrmaýarlar.
Şugundyrçy kärendeçileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ähli mümkinçilikler, oňaýly iş şertleri döredilýär. Gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler ýokary hilli şugundyr tohumlary, mineral dökünler, zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy, ekiniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, ýylyň dowamynda ýerden iki hasyl öndürmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmegi wajyp wezipeleriň hatarynda goýdy we onuň üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Bu bolsa gant şugundyrynyň öndürilýän mukdarynyň artmagyna şert döredýär.
Süýjülik ekin bolan gant şugundyryndan “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şeker kärhanasynda gaýtadan işlenilip, saçaklarymyzy bezeýän şeker we gant önümleri öndürilýär. Kärhanada ak şekerden gant we gant önümleri öndürilip, dürli ölçegdäki gaplara gaplanylyp, söwda nokatlaryna, ak bazarlara ugradylýar.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








