Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Aýratynam, gaz senagatynda belent sepgitlere eýe bolnup, sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde netijeli işler bitirilýär.
“Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylary döredijilikli zähmet çekip, belent sepgitlere eýe bolýarlar. Bu ýeriň gazçylary gaz geçirijileriň we gaz gysyjy desgalaryň ygtybarly işini üpjün etmekde yhlas-tagallalary edýärler. Müdirlige “Döwletabat — Derýalyk” baş gaz geçirijisi, “Garagum”, “Şatlyk” gaz gysyjy desgalary hem-de “Bagtyýarlyk” önümçilik meýdançasy degişli bolup, olarda işleriň talaba laýyk ýola goýulmagy üpjün edilýär. Şeýle hem müdirligiň zähmetsöýer adamlary ýokary, orta we pes basyşly gaz geçirijileriniň bökdençsiz işlemegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Gazyň akymyny paýlaýjy hem-de sazlaýjy desgalaryň gurat we saz işlemegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Olaryň yhlasly zähmeti bolsa ýerine düşüp, müdirlik boýunça gowy görkezijiler gazanylýar.
Bilşimiz ýaly, tebigy gaz bilen ygtybarly üpjünçilik il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Müdirligiň gazçylary täze döredilen Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesini gazlaşdyrmakda uly işleri bitirdiler. Şeýlelikde, döwrebap şäherçäniň ýaşaýjylarydyr ol ýerdäki edaralaryň işgärleri mawy ýangyjyň hözirini görýärler. Bu ýeriň öňdebaryjy işgärlerinden operatorlar Aşyrmuhammet Esenow, Nyýazgylyç Şagylyjow, Sazakdurdy Mommadow, Maksat Ýazgylyjow kärdeşlerine nusgalyk görelde bolýarlar. Müdirligiň gazçylary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.
Ogulşat BERKELIÝEWA.








