Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen işler üstünliklere beslenýär. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde, gaz senagaty pudagynda-da ýokary netijeler gazanylýar. Tebigy gazyň akymyny artdyrmakda uly tagallalar edilýär. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olary senagat taýdan özleşdirmekde degerli işler durmuşa geçirilýär.
“Marygazçykaryş” müdirligi “Türmengaz” Döwlet konserniniň öňdebaryjy we iri düzüm birlikleriniň biri bolup, müdirligiň zähmetsöýer gazçylary tebigy gazy çykarmakda belent sepgitlere eýe bolýarlar. Mawy ýangyjy çykarmak bilen bagly edara-kärhanalaryň döredijilikli tagallalaryna müdirligiň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň işgärleri ýakyndan ýardam berýärler. Şu edaranyň suw we bug bilen üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleri hem işleriň ilerlemegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu desgalaryň hünärmenleridir işçileriniň tutanýerli zähmeti bilen edara-kärhanalaryň suw bilen bökdençsiz üpjünçiligi gazanylýar. “Hanhowuz” suw arassalaýjy desga sehiň iri desgalaryň biri bolmak bilen, önümçilik we durmuş maksatly edara-kärhanalary talaba laýyk arassalanan agyz suwy bilen üpjün edýär. Bu möhüm desgada arassalanan agyz suwy “Marygazçykaryş”, “Gündogargazakdyryş” müdirliklerine, Döwletabat — Dostluk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky “Şatlyk” önümçilik edarasyna we beýleki sarp edijilere akdyrylýar. Birnäçe howuzda kemsiz arassalanan agyz suwy degişli barlagdan geçirilip, sarp edijilere ugradylýar. Bu ýerde önümçiligiň öňdebaryjylaryndan suwy göteriji we sorujy enjamlaryň maşinistleri Bäşim Abdyýew, Ata Nursähedow, Muhammet Mommaýew, Süleýman Baýramow has tapawutlanyp, kärdeşlerine görelde bolýarlar.
Bejeriji ussalar Begenç Çaryýewiň, Maksatgeldi Garryýewiň yhlas-tagallalaram ýerine düşýär. Olar enjamlaryň bökdençsiz işlemegini gazanmakda uly işleri bitirýärler. Bir söz bilen aýdanymyzda, desganyň zähmetsöýer adamlarynyň birleşen tagallalary möhüm meseläniň bähbitli çözgüdine mümkinçilik berýär.
Baýram AMANOW.








