Adam haýsydyr bir kitaby ele almak bilen, ilkibaşda şol kitabyň gymmaty hakynda oýlanýar, onuň sahypalaryny agtaryp görýär. Onuň many- -mazmunyna düşünmek üçin ilkinji sahypalaryndan başlap okap başlaýar. Şeýle uly höwes bilen okalýan ajaýyp kitaplaryň biri-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly eseridir. Bu kitabyň ilkinji bölümi “Magtymgula düşünmegiň açary” atly bölüm bolup, onda biz — ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryna düşünmäge giň mümkinçilik berýär. Bölümde hormatly Prezidentimiz ajaýyp jümleleriň üsti bilen akyldar şahyra düşünmegiň ädimme-ädim ýollaryny açyp görkezýär.
Kitabyň islendik bölümini okanyňda-da onuň gadyr-gymmatyna çuňlygy bilen düşünýärsiň. Nurana jümleleri özünde jemleýän kitaby okap, akyldar şahyrymyzyň pelsepewi dünýäsine aralaşýarsyň, onuň pähim-paýhasyna göz ýetirmäge başlaýarsyň. Şeýle-de, kitabyň ähli bölümlerinde akyldar şahyrymyzyň edebi älemi çeper diliň, filosofiki garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýar. Bu maglumatlaryň üsti bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz — ýaşlara durmuş hakykatyny görkezýär. Magtymguly Pyragynyň setirleriniň özeni bolan hünäri söýmek, zähmetsöýerlik, janypkeşlik, maksada okgunlylyk, akýüreklilik ýaly duýgulary kalbymyza guýýar, zähmete höweslendirýär. Bizi beýik akyldara düşünmäge, hakykata göz ýetirmäge çagyrýar.
Güljeren ÝAGMUROWA.








