Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. ,,Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak,, ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat etrap, şäher komitetleri tarapyndan Baky Bitaraplygymyzyň 30-ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk –Bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen baýramçylyk duşuşyk çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärä Mary welaýatynyň dürli pudaklarynda zähmet çekyän işjeň raýatlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ösüşleri, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik ynsanperwer syýasaty, halkymyza döretmäne, kuwwatly döwleti gurmana, ýurdumyzda hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy pugtalandyrmakda öz miwelerini beren Bitaraplygymyzyň mukaddesliginiň , gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüňler edildi. Şeýle-de halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan , ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende göteryän Hormatly PrezidentimizArkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşly sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.








