Geçmişi şöhratly, şu güni bagtyýar, geljegi abadan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýeňişli ýol bilen öňe barýar. Agzybir halkymyzyň parahatçylykda ösüş-özgerişli ýaşaýşy gözbaşyny Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden alýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty halkara bähbitli tagallalarda rowaçlanýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly senesiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy wakasy boljakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty döwrebap many-mazmun bilen baýlaşdy. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk arkaly durnukly ösüş ýörelgesine eýerýän parasatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalarda kesgitlenilişi ýaly, özüniň hakyky manysynda sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna gulluk edýär. Şonuň üçinem Türkmenistanyň öňe sürýän halkara ähmiýetli beýik başlangyçlary dünýäniň döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar.
Muhammet ÇARYÝEW.








