Matal aýtmak, çözmek uly-kiçiniň eý görýän pişeleriniň biri. Çünki, ol ýaşyna garamazdan, her bir adamyň ýatkeşlik, pikirleniş duýgularyny ösdürmek bilen birlikde olaryň gözýetimini, dünýägaraýşyny hem giňeldýär.
Bir okara narym bar, hetdiň bolsa birini ýar.
(Köz).
“Gal!” diýseň-de galmaýar, özi ýöräp bilmeýär.
(Kölege).
Ertir gidýär, agşam gelýär.
(Uky).
Iki dogan bar: biri-birini görmeýär.
(Göz).
Bir kişi bar, müň dişi bar.
(Byçgy).
Bir sereje boýy bar, daraýydan dony bar.
(Igde).
Bir küýzede iki tagam.
(Ýumurtga).
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








