Ýakynda welaýat polisiýa müdirliginde TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de ady agzalan müdirligiň bilelikde guramagynda «Ak ýollarda rahat hereket» ady bilen duşuşyk geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanylan duşuşyga ady agzalan gullugyň işgärleri gatnaşdylar. Ösüp gelýän ýaş neslimiziň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýolyşygyny düşündirmek boýunça dürli çäreleri guramak, ýol hereketine howp salýan endiklere gözegçilik etmek hem-de çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, welaýat polisiýa müdirliginiň PÝGB-niň gözegçisi Toýly Babaýew hem-de şäheriň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Bäşim Ylýasow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilýän biraýlygyň dowamynda giň möçberli çäreleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini, ýokary derejede geçirilýän çärelerde her bir raýatyň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmelidigi barada giňişleýin düşündiriş işleriniň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Bu çäreleriň ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna getirilýändigini, raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek üçin gönükdirilýän beýik işlerdigini aýratyn bellediler.
Annagözel SARYÝEWA.








