Nurjemal gelneje, size uly hormat goýýarys! Özüňizem şeýle ýumşak, mähirli, gyzlaryňyzam baran ýerinde şeýle süýji sözli, gaýynlary bilenem, baran ýerleri bilenem «äpbede-jüpbe». Daşyňyzdan “tüweleme” diýýäris. Siziň gyzlaryňyzyň şeýle mähirliligine haýran galýarys. Gaýyn-gelniň şeýle mylaýym gatnaşykda bolmagynyň syry nämede?
Bu soraga Nurjemal gelneje birbada jogap bermedi. Uzaklara seredýän terzde gözleri az salym doňup galdy, ýuwdundy-da çalaja ýylgyrjak ýaly etdi, ara düşen dymyşlykdan soňra şu sözleri dile getirdi:
— Ejem jan... Bu zatlaryň düýp sebäbi ejem jan. Has dogrusy, ejem janyň maňa beren öwüt-nesihatlary...
Meniň durmuşa çykmagyma az wagt galanda: «Balym, janym, guzym! Saňa berjek gürrüňlerimi ünslüje diňle! Şu mahala çenli başardygymyzça seni ýelden-suwdan, gözden-dilden goradyk. Seniň nähili adamdygyň heniz il-güne doly aýan däl. Gyz maşgala durmuşa çykanyndan soň baran ýeri bilen gatnaşygyna görä, onuň kimdigine baha berilýär, seniň üstüň bilen maşgalamyza baha berilýär. Özüňi diňe gowy tarapdan görkezjek bol, baran öýüňde beýlekilerden giç ýatyp, ir turjak bol! Elbetde, bu zatlar göräýmäge kyndyr, ýöne bir-iki aýdan öwrenişersiň, abraý-sylagyňam artar gider» diýip maslahat beripdi. Özem bu sözleri şol wagtlar günde diýen ýaly gaýtalardy.
Gelin bolup, birinji gezek atam öýüme gelenimde ejem jan şeýle diýipdi:
— Jan gyzym, gaýyneneňe hyzmat edeniňde maňa hyzmat edýän diýip düşüngin, şony razy etdigiň, meni razy etdigiňdir. Eger gaýyneneň sähelçe ynjaýsa men senden razy däldirin. Gaýyneneň aýdanyny diňe «dogry» diýip kabul etgin. Özi aýtmasa-da kä mahal näme gerekdigini sorap durgun, ýagdaýyndan habar tutgun! Gaýnyňdan hyzmatyňy gaýgyrmagyn. Gaýnyňy ejem diýip pikir etgin.
Ýanýoldaşyňa-da ejesinden, kakasyndan ýygy-ýygy habar tutmagyny ýatlatgyn. Sen şol öýe gelin bolup baranyňdan oglunyň öz ejesine, kakasyna bolan mähremligi hökman artmalydyr...
— Elbetde, ejemiň meniň eneme, atama bolan sylag-hormaty has uludy. Menem, näme, çagalaryma gowy görelde görkezjek bolup, armagy-irmegi, ýadawlygy bilmedim. Gyzlaryma-da gowy gelin bolmagy: «Iň bolmanda, öýde gören zatlaryňyzy edäýiň, şonda durmuşyňyz bagtyýar, geljegiňiz aladasyz, gaýgysyz bolar, abraýyňyzam arşa galar» diýip sargaýaryn.
Ýöne, näme, ilçilik-dä, kä ýerde ene-ata öz durmuşa çykaran gyzynyň baran ýerindäki öwrenişmeýän ýagdaýlaryny, gyzynyň nägileligini sessiz diňläp otyr. Onsoň, gelin bolan gyzlary «gutarmaýan düzme» ýazýan ýaly, yzly-yzyna gep getirýär. Ol hem ene-atasynyň ýüregini, hem öz ýüregini çişirýär. Gaýyn öýündenem sowaşýar.
Men gyzlarym durmuşa çykmanka ejemiň maňa beren öwütlerini aýdyp berýärin. Gyzlaryma: “Bir ajy zada süýji zady garsaň, ajysy gitmez, ýene-de süýji garyberseň ajysy gider. Maşgalada size ýaramaz gatnaşyk edilýändir öýtseňiz, yzly-yzyna ýakymly, süýji sözler bilen ýagşy gatnaşyklaryňyzy ýola salyň” diýýärin.
Kä gelinler: «Meniň ýüregim gowy, ýüregimde sähelçe-de erbetlik ýok, ýöne maňa düşünmeýärler» diýýärler. Çaýly käsäňe şeker guýanyň bilen çaýyň birbada süýjemeýär ahyryn, şekeri gowy edip garmaly, ana, şonda çaý süýjäp başlar. «Ýüregim gowy» diýeniň bolmaýar, gowulygyňy görkezmeli, subut etmeli...
Nurjemal gelneje başga-da birnäçe öwütleri berdi. Hemmesem gyzyla gaplaýmaly öwütler...
Hekimberdi ORAZBERDIÝEW.