Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyran Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyz täze — 2026-njy ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at- -myradyň mekany” diýlip atlandyryldy. Elbetde, bu şygar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň keşbinde jemlenen ajaýyp ösüşleriň, şanly ýeňişleriň nyşanydyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi sagdynlygyň we gözelligiň mysalydyr. Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz, şöhrat-şanymyzdyr. Türkmen atlarynyň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimize häzirki döwürde aýratyn sarpa goýulýar. Türkmen bedewleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda arassa ganly ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär.
Ata-babalarymyz: “At — myrat”, “At dosty — ata dosty”, “Ataň barka dost gazan, atyň barka — ýol”, “At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Atym bar — ganatym bar” ýaly çuňňur parasada ýugrulan nakyllary, atalar sözlerini döredipdirler.
Ýigidiň ýoldaşy, syrdaşy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monta-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolmagyny görkezip bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bedewlerimizi wasp edýän “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, «Gadamy batly bedew» ýaly ajaýyp eserlerini halkymyza peşgeş berdi. Bu bolsa ahalteke bedewlerine çuňňur sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýanydyr.
“At — myrat” diýlişi ýaly, täze şygarly ýylymyzda eziz Watanymyzyň ajaýyp ösüşlere, täze-täze ýeňişlere beslenjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki, halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgeleri bilen röwşen geljege sary ynamly barýar. Ýurdumyz bu şanly ýylda halkymyzyň özygtyýarlylygynyň aýdyň beýany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny uludan baýram eder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiziň sarpasy belent tutulyp, olara goýulýan hormat has-da artýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzda mynasyp işler alnyp barylýar. Bedewlerimiziň owadan keşbiniň döwlet Tugramyzda ýerleşdirilmegi hem uly mana eýedir. Halkymyz asyrlaryň dowamynda naýbaşy gymmatlyklary kemala getiripdir. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke bedewlerimizdir. Halkymyz at-owazasy asyrlaryň jümmüşine ýaň salýan bedewiň üstüni Süleýmanyň tagtyna deňäpdir.
Elbetde, at has gadymy döwürlerden bäri ýow güni ýigidiň ýoldaşy, ýakyn syrdaşy bolupdyr. Ynsanpisint, duýgur, çalasyn bedewler hemişe ynsanyň ýakyn hemaýatkäri bolupdyr. “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýlişi ýaly, at öz eýesiniň şatlygyny ýa-da gamgyn pursadyny aňyp bilýär. Halk arasynda “Aty ýoguň ady ýok” diýilýär. Çünki, ata-babalarymyz bedew aty öz wepaly ýürekdeşine, iň ýakyn dostuna, meňzedýär. Has gadymy döwürlerden bäri halkymyz iň gowy zatlary ata deňäpdir, meňzedipdirler. Il içinde aýdylýan “Bagt atyň büdremesin”, “Bagt atyň batly çapsyn” ýaly jümleler ýokarda aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşjak ajaýyp ýyllaryň biri boljakdygyna berk ynanýarys.
Bedew batly ösüşleri bilen nurana geljege sary barýan halkymyza täze ýeňişler ýar bolsun!
Aýparça AKYMOWA.








