Bütin ömrüni halal zähmeti bilen eklenç edip, erkek adamlaryň tahýasyny tikýän bir kişi artdyranja puluny Mekge-Medinä haj parzyny berjaý etmek üçin ýygnaýar eken.
Bir gün agşam işden gelende, aýaly ärine:
— Goňşulardan bişýän etiň ysy gelýär, şol etden iýesim gelýär, sen git-de goňşulardan azajygam bolsa alyp gelsene — diýýär.
Aýalynyň agzy bimaza bolansoň, äri nalaç goňşularyna baryp, bişýän etden aýaly üçin bir azrak bermegini haýyş edýär.
Goňşusy:
— Wah, beýle haýyrly işe dyrnak ýaly bolsa-da peýdamyz degjek bolsa, baş üstüne! Ýöne bu bişip duran etden berjek däl, sebäbi bu haram ölen malyň eti, çagalarym aç bolansoň iýdirmäge zat tapman, nalaç şular uklaýança gaýnadan bolup otyryn — diýip, jogap berýär.
Tahýa tikýän kişi yzyna öwrülýär-de, öýüne gelip, haja gitmek üçin ýygnanja ähli puluny goňşusyna eltip:
— Al, goňşy, aç çagalaryň garnyny doýur — diýýär.
Birnäçe wagtdan soň haja gidip gelen bir din ulamasynyň düýşünde: “Şu ýyl Mekge-Medinä haj parzyny berjaý etmek üçin üç ýüz altmyş müň adam geldi. Şol tahýa tikýän kişiniň goňşusynyň çagalarynyň aç garnyny doýrany üçin özi gelmese-de, onuň hem haj parzyny Alla kabul etdi we şol sogap iş üçin şu ýylky zyýarata gelen ähli bendeleriň-de haj zyýaratlary kabul edildi” diýilýär.
Magtymguly atamyzyň: “Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar” diýmesiniň manysy şundan gelip çykýan bolsa gerek.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Baýram ANNADURDYÝEW.








