Zergärlik sungaty — diňe gözel zatlary döretmek bolman, eýsem, ol halkyň ruhy bilen gürleýän dildir. Ol söz bilen aýdyp bolmajak zatlary aňladýan usuldyr. Men şu sungat bilen ýaşaýaryn. Şu gün bolsa siz bilen gadymy we häzirki zaman, halk däpleri we inženerçilik anyklygy, el hünäri we ussanyň ruhy bilen baglanyşykly pikirlerimi paýlaşmak isleýärin.
Türkmen medeniýetinde zergärlik sungatynyň aýratyn orny bar. Zenan bezegleri diňe altyn ýa-da kümüş önümler däldir. Bu maşgala däplerini goraýjylardyr, maşgalanyň ornunyň we ýagdaýynyň nyşanlarydyr.
Kümüş asmalar, agyr bilezikler, ýarym gymmat daşlar bilen bezelen şaý-sepler, eneden gyza geçýän baş bezegleri — bularyň her biri uly mana eýedir. Metala salynýan nagyşlar boş çyzyklar däldir, olar eýesiniň saglygyny üpjün edýän, gözdegmeden goraýar diýlip hasap edilýän gizlin nyşanlardyr. Däp boýunça kümüş bedeni arassalaýjy, dürli daşlar bolsa goragçy hasaplanylýar.
Altyn, kümüş, bürünç, mis... bularyň her biri özüniň aýratyn «sesi» bilen gürleýär. Olar dürli gatnaşygy, dürli temperaturany, dürli wagty talap edýär. Daşlaryň hem öz häsiýeti bar. Mysal üçin, hakyk ýyly, «janly», onuň bilen ätiýaçly işlemek ýakymly.
Men materialy diňe gözelligi üçin däl, eýsem, many üçin saýlaýaryn. Eger bezeg şahsy sargyt boýunça döredilýän bolsa, onuň adam bilen “gürleşmegi”, onuň häsiýetiniň üstüni ýetirmegi, onuň häsiýeti bilen çaknyşmazlygy möhümdir.
Ussanyň işi diňe ýylmamany we ýonmagy bilmek däldir. Bu takyklygyň içki ýumşaklygydyr. Eliňde boş nusgany tutýarsyň we onda heniz hiç kimiň görmeýän zatlaryny görýärsiň. Artyk zatlar soňra aýrylyp gidýär. Diňe özen galýar.
Bu jähetden zergärlik sungaty heýkeltaraşlyga meňzeýär. Her hereket pikiri nygtap hem biler ýa-da ony ýok edip hem biler.
Zergärlik sungatynda tehnika diňe bir gural däl. Bu, ussanyň metal bilen gepleşýän dilidir. Ýönekeý oýma işinden başlap, her bir tehniki çözgüt özünde eseriň manysyny, duýgusyny we ruhuny jemleýär. Kä wagtlar türkmen zergärleriniň asyrlarboýy ulanyp gelen gadymy usullaryna ýüzlenýärin. Kä pursatlarda bolsa, el bilen amala aşyryp bolmajak, çylşyrymly pikirleri durmuşa geçirmek üçin zerur bolan şekilleri häzirki zaman usullary bilen döredýärin.
Zergärler gadymy önümleri ýöne göçürip alanoklar. Eýsem, tersine, zergärçilikde dowam edip gelen däplere düşünmäge we olaryň ruhuny täze görnüşe ýetirmäge çalyşýarlar. Mahlasy, zergärler gadymy nagyşlaryň mukaddes manysyny saklap, olara täzeden jan bermäge çalyşýarlar.
Artýom BALÝAN.








