Taryhy wakalara baý bolan asuda Watanymyzda şu günler şeýle uly taryhy wakalara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna görülýän taýýarlyklar babatynda welaýat merkezlerinde ähli şäherdir, etraplarda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli guramaçylykly alynyp barylýar. Şeýle taryhy ähmiýetli wakalar mynasybetli maslahatlaryň biri hem Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gurnamaklarynda geçirildi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlar edilip, onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji we bedew bady bilen ösýän döwlet hökmünde tanalýandygy hemem Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda beýan edildi. Halk maslahaty – bu halkyň öz ykbalyny öz eline alyp, döwlet derejesindäki möhüm kararlary bilelikde kabul edýän beýik maslahatdyr. Garaşsyzlyk bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, agzybirliginiň we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiligi hem-de geljekki nesiller üçin beýik mirasydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy we türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň kuwwatyny hem beýik geljege bolan ynamyny ýene bir gezek dabaralandyrýan taryhy basgançak bolup taryha ýazylar – diýip, uly buýsan bilen aýdyldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini beýan etdiler.
Azat Beglanow








