Ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralary Mary welaýatynyň hem ähli etrapdyr şäherlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda hem geçirildi. ,,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zähmet ussatlary” atly bu aýdym – sazly dabaraly çärä ussat kärendeçiler, hususy önüm öndürijiler, kombaýnçylar we beýleki oba hojalyk işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň çekýän asylly zähmetlerine goýulýan hormat – sarpanyň nyşany hökmünde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar we toprakdan bol hasyl alynýar – diýip baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler nygtadylar. Dabaranyň dowamynda welaýatyň ussat aýdymçylary, bagşydyr sazandalary göwün joşduryjy çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabarasynda ýerine ýetirilen çykyşlar bu ýere gelenleriň şatlygyny artdyrdy. Belent heňde ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan rowaç işleri, bereketli topragymyz hem-de babadaýhanlarymyzyň asylly zähmeti giňden wasp edildi. Dabarada öňdebaryjy oba zähmetkeşlere baýramçylyk mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.
Toýmyrat Gurbanow.








