Zenanlar bäsleşdiler
Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarlarynyň bilelikde guramaklarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Welaýatyň Sakarçäge we Murgap etrap medeniýet öýünde etrap medeniýet bölümleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Sakarçäge, Murgap etrap bölümleriniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge, Murgap etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda „Zergärçilik sungatym- miras daragtym“ atly bäsleşigiň etrap tapgyrlary geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen el işleriniň we milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Sakarçäge we Murgap etrap bölümleriniň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, folklor çykyşlaram giň gerimde ýaýbaňlandy. Bagtyýarlyk döwrümiziň tarypyny ýetirýän şowhunly çykyşlar bäsleşige gatnaşanlaryň ruhuny göterdi. Egsilmejek ruhubelentlige beslenip geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan bagtyýar zenanlar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.