Bedew batly, şan-şöhratly Watanym
weather mary 13° C Mary
weather mary 13° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Bedew batly, şan-şöhratly Watanym

25 19.02.2026

        Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli duşuşyklara we maslahatlara giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. ,,Bedew batly, şan-şöhratly Watanym” diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary  gatnaşdylar. ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.                                                     

Toýmyrat Gurbanow.

25
25 23.02.2026
Ýylyň şygaryna bagyşlanyldy

      Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar giň gerim alýar. Şeýle guramaçylykly aýdym-sazly dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap we Şatlyk şäher birleşmeleriniň we Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap we Şatlyk şäher birleşmeleriniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hem-de täze ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejede ykrar edilendigi halkymyz üçin uly buýsançdygy dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda beýik geljege sary ynamly ädimler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa

9
9 23.02.2026
Okuw seminary geçirildi

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim we energetika ulgamlary täze belentliklere ýetýär. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýokary hünärli ýaşlary kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 17-19-y aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) amala aşyrýan “Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini giňeltmek” atly taslamanyň çäklerinde “Iň pes derejede energiýa sarp edijilik binalaryň gurluşygy boýunça halkara tejribesini öwrenmek” atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda institutyň professor-mugallymlary we ylymy işgärleri halkara bilermenler bilen “Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýyş jaý sektorynda energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak tejribe”, “Ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynda energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesi”,temalar boýunça özara pikir alyşdylar. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda guralan bu okuwlar,professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge hem-de ylym barlaglarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly ýardam berer.Okuw seminaryna gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

25
25 23.02.2026
Watanmyzyň rowaçlygyna gönükdirlen işler

    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Baýramaly Maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Watanmyzyň rowaçlygyna gönükdirlen işler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak,ýaşlaryň hususy ulgama bolan höweslerini artdyrmak  barada edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän telekeçiler ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri we harytlary bilen üpjün etmek işlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar – diýip bellediler. Bu ulgama ýaşlary çekmek we olara goldaw bermek, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň alyp barýan işleri dogrusynda hem aýratyn nygtalyp geçildi. Telekeçiligi ösdürmek barada amala aşyrýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Çarymuhammet Saparow.

8
8 23.02.2026
Dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary geçirilýär

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 29-njy martynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik – syýasy çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine hem giň gerim berildi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýerlerde dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary yzygiderli geçirilýär.  Wekilbazar etrap medeniýet öýünde welaýat Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri olaryň terjimehaly, şahsy iş başarnyklary bilen tanyşdyrdy. Soňra bu ýerde dalaşgärler aýry-aýry çykyş edip, özleriniň maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda dalaşgärler ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşup, jan aýaman zähmet çekjekdiklerine  ynandyrdylar. Dursun Ilbegiýewa.

7
7 23.02.2026
Hindi film festiwaly geçirildi

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklary ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen işjeň söwda we eksport mümkinçilikleri diwersifikasiýa ýoly bilen alynyp barylýar. Mary welaýatynda Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň gurnamagynda bu ýurduň ştatlary bilen söwda gatnaşyklaryny ilerletmek maksady bilen geçirilen çäreler uly ähmiýete eýe boldy.Hindistan Respublikasy ýurdumyzyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlyklarynyň biridir. Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir ykdysady däl, eýsem taryhy we medeni köklere daýanan strategik hyzmatdaşlykdyr. Iki ýurduň arasyndaky dostluk “Beýik Ýüpek ýolunyň” döwürlerinden bäri dowam edip gelýär. Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň gurnamagynda bu ýurduň ştatlary bilen söwda gatnaşyklaryny ilerletmek maksady bilen Mary welaýatynda geçirilen çäreler hem giň gerimde alynyp baryldy. Mary şäheriniň “Ýüpek ýoly” söwda we dynç alyş merkeziniň “Belent kino teatrynda” Hindi film festiwaly geçirildi. Bu ýerde Hindi filmleriniň birnäçesi görkezilip festiwala gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Filmlerde aýratyn-da maşgala mukaddesligi, ene-atanyň razylygyna almak, agzybirlik, wepalylyk ýaly temalar tomaşaçylaryň ünsüni çekip, filmlerdäki ýerine ýetirilen aýdymdyr-sazlar, tanslar ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaraly çäre “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Hindistan Respublikasynyň ştatlaryň tanyşdyrylyşy bilen dowam etdi. Bu ýerde çykyş edenler iki dostlukly ýurdyň hyzmatdaşlyklary, dostlukly gatnaşyklary dogrysynda çykyşlar etdiler. Dabarada Hindistan Respublikasynyň senagat pudagynda öňdebaryjy bäş ştatlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wideo şekil görkezildi. Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde hem ýoga maşklarynyň sapagy hem oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Hindistan – ýoganyň watanydyr. Ýoga müňlerçe ýyllyk taryhy bolan filosofiýa, medeniýet we ýaşaýyş ýörelgesidir.Ýoga diňe bir fiziki maşklar tolumy däl-de, eýsem bedeniň, ruhuň we akylyň sazlaşygyny üpjün edýär diýip çykyş edenler belläp geçdiler. Dabara gatnaşyjylar dost-doganlyk halklary bilen hyzmatdaşlygy, dostana gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda alynyp barylýan işler üçin Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Azat Beglanow.

21
21 23.02.2026
Sagdyn terbiýe – sagdyn durmuş

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň bilelikde gurnamaklarynda jemgyýetçilik ýerlerinde ýol hereketiniň hadysalaryny dogry berjaý etmek we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça “Sagdyn terbiýe – sagdyn durmuş” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi Bu wagyz-nesihat duşuşygyna Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň köçelerde, ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygy, şeýle hem ýangyn bilen baglanşykly ýüze çykýan we dürli tebigy hadysalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli zerur çäreler dogrusynda bellediler. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlaryň sagdyn ösüp kemala gelmekleri ugrunda aladalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.                                                       Dursun Ilbegiýewa.

20
20 23.02.2026
Ýaş telekeçilere maslahat

       Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. Bu maslahat ýaşlary telekeçilige çekmek, olara telekeçilik işine başlamaga goldaw bermek, höweslendirmek we degişli maslahatlary bermek ýaly derwaýys meselelere bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän telekeçiler ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümler we harytlary bilen üpjün etmek işlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar – diýip bellediler. Bu ulgama ýaşlary çekmek we olara goldaw bermek, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň alyp barýan işleri dogrusynda hem aýratyn nygtalyp geçildi. Telekeçiligi ösdürmek barada amala aşyrýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Çarymuhammet Saparow.

24
24 19.02.2026
Diplomatlaryň hünär baýramçylygyna bagyşlanyldy

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen” diýlip atlandyrylan dabaraly maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar kitaphananyň girelgesinde  medeni çykyşlara tomaşa etdiler we surat hem-de kitap sergilerini synladylar.  Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň üçünji sekretary Myrat Ýamşikow, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Abdolmajid Kamjou, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, welaýat baş bilim müdirliginiň bölüm müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Ogulgerek Abdyllaýewa çykyş etdiler.  Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigi dogrusynda durup geçdiler. Dabaraly maslahatda çykyş edenler diplomatik işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Sülgün ŞADYÝEWA.

24
24 19.02.2026
Bedew batly, şan-şöhratly Watanym

        Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli duşuşyklara we maslahatlara giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. ,,Bedew batly, şan-şöhratly Watanym” diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary  gatnaşdylar. ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.                                                      Toýmyrat Gurbanow.

8
8 23.02.2026
Dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary geçirilýär

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 29-njy martynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik – syýasy çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine hem giň gerim berildi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýerlerde dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary yzygiderli geçirilýär.  Wekilbazar etrap medeniýet öýünde welaýat Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri olaryň terjimehaly, şahsy iş başarnyklary bilen tanyşdyrdy. Soňra bu ýerde dalaşgärler aýry-aýry çykyş edip, özleriniň maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda dalaşgärler ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşup, jan aýaman zähmet çekjekdiklerine  ynandyrdylar. Dursun Ilbegiýewa.

24
24 19.02.2026
Diplomatlaryň hünär baýramçylygyna bagyşlanyldy

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen” diýlip atlandyrylan dabaraly maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar kitaphananyň girelgesinde  medeni çykyşlara tomaşa etdiler we surat hem-de kitap sergilerini synladylar.  Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň üçünji sekretary Myrat Ýamşikow, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Abdolmajid Kamjou, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, welaýat baş bilim müdirliginiň bölüm müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Ogulgerek Abdyllaýewa çykyş etdiler.  Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigi dogrusynda durup geçdiler. Dabaraly maslahatda çykyş edenler diplomatik işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Sülgün ŞADYÝEWA.

24
24 19.02.2026
Bedew batly, şan-şöhratly Watanym

        Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli duşuşyklara we maslahatlara giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. ,,Bedew batly, şan-şöhratly Watanym” diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary  gatnaşdylar. ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.                                                      Toýmyrat Gurbanow.

58
58 17.02.2026
Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Berkarar Watanymyzyň Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini we ýeňişlerini ýaşlar köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Mary welaýat myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen bu maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher we etrap geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, sport türgenleri we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportyny gülledip ösdürmekde ägirt uly işleri barada giňişleýin bellediler. Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.   Dursun Ilbegiýewa.

62
62 17.02.2026
Alkyş size,şöhrat size Arkadagly Gahryman Serdarymyz

      Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly  at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatymyzda hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem Ýolöten etrap medeniýet merkezinde Ýolöten etrap häkimliginiň we Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Alkyş size,şöhrat size Arkadagly Gahryman Serdarymyz” ady bilen geçirildi. Dabara hormatly il ýaşulylar, kümüş saçly mährem enelerimiz  we  etrabyň  beýleki jemgyýetçilik guramalary hem gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar Watanmyzyň ösüşlerini wasp edýän göwün joşduryjy aýdym-sazlara tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlykda  ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hem-de Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza  hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maýa Annameredowa.

87
87 13.02.2026
Ýylymyzyň aýdyň beýany

        Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy mynasybetli Mary şäherinde ýerleşýän “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar etrap komitetleriniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy halkymyz üçin uly buýsançdygy dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň halypa aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

82
82 13.02.2026
Ajaýyp çykyşlara giň orun berildi

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher,etrap Geňeşleri bilen  bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Bedew bady bilen öňe watanym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

102
102 13.02.2026
Bedew batly öňe barýar Diýarym

      ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan dabaraly çäreleriň çäklerinde  Mary welaýatynyň Murgap etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  etrap birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň, medeniýet bölüminiň we merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda  “Bedew batly öňe barýar Diýarym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Bedew batly öňe barýan Watanymyzyň ösüş ýoly barada  täsirli gürrüňler etdiler. Dabaranyň dowamynda Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerdäki ýerine ýetirilen çykyşlarda Bagtyýar zamanamyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleriniň giňden waspy ýetirildi. Nurjahan Mämmedowa.

94
94 11.02.2026
Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat Gurbanow.

1321
1321 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1096
1096 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1368
1368 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1259
1259 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1240
1240 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1406
1406 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1056
1056 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1243
1243 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.