2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirlen wagyz-nesihat çäresi işjeň häsiýete eýe boldy. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we ýaşlar guramasynyň geçiren bu wagyz-nesihat çäresi “ Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda” diýlip atlandyryldy. Wagyz-nesihat çäresindäki çykyşlarda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Bu ýyl bedew batly öňe barýan ýurdumyzda päk arzuwlar bilen uly üstünlikleriň amala aşýan ýyly bolar. Belent şygar astynda öňe barýan döwletimiziň hususy ulgamynda we beýleki ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, belent maksatly işleri rowaçlyklara beslenip, uly ösüşlere eýe bolunar diýlip buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde halkymyzy nurana geljege, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere tarap batly gadamlar bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Çarymuhammet Saparow.








