Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatyny, giň gerimli maksatnamalaryny wagyz-nesihat etmek, şeýle-de ösüp gelýän nesillerimizi milli däplerimize, adatlarymyza laýyk terbiýelemek, maşgala mukaddesligini berkitmek maksady bilen, gelin-gyzlaryň arasynda Baýramaly şäher zenanlar bölüminiň gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Baýramaly şäher Zenanlar bölüminiň işjeň agzalary, kümüş saçly eneler, saglygy goraýyş, Baş bilim müdirlikleriniň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda adamyň we raýat hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň usullary we görnüşleri hakynda her bir türkmen maşgalasynda millilik, edep we nesil terbiýesi dogrusynda tasirli gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Suwhan Kulyýew.








