Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarlarynyň bilelikde yglan eden halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň birem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň guramagynda Sakarçäge etrap medeniýet öýünde „Zergärçilik sungatym- miras daragtym“ atly bäsleşigiň Sakarçäge etrap tapgyry geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen el işleriniň we milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşige gatnaşanlar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň päk kalplaryndan çykýan ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.








