Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Merkezi banky, TZB-niň Merkezi Geňeşi we TKA-nyň Mili merkezi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşik yglan etdi.
Ýakynda Mary şäherindäki «Aý laçyn» toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry bolup, ol uly ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýatymyzyň bank ulgamynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň 7-si gatnaşdy. Bäsleşigiň maksady Watanymyzyň ykdysady ösüşleriniň ilerlemegine hem-de ýurdumyzyň maliýe taýdan durnukly bolmagyna mynasyp goşant goşýan, bank ulgamynda yhlasly zähmet çekýän gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bank ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şu günki günde alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly gürrüň bermek, bu ulgamyň ösüşlerini aýdymdyr dessanyň, goşgudyr gazalyň üsti bilen joşgunly wasp etmek, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby esasynda toý saçagyny bezäp, onda bar bolan milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny çeper beýan etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Olaryň buýsançly çykyşlary, aýratynam, ýerine ýetiren şirin aýdymlary hemmelerde uly täsir galdyrdy.
Eminler toparynyň başlygy, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy Güljemal Nazarowa bäsleşige gatnaşyjylaryň her biriniň çykyşyna gowy baha berdi we ýeňijileri öňe çykardy. Netijede, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň kassa amallary bölüminiň gaznaçysy Aýtäç Nursähedowa 1-nji, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Merw» şahamçasynyň hünärmeni Şeker Ataýewa 2-nji, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Şatlyk şäher şahamçasynyň hünärmeni Aýgül Täçmuhammedowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary we höweslendiriji baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
1-2-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bahargül MEJIDOWA.








