Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny giňden toýlaýan Garaşsyz Watanymyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bitaraplyk, dost- -doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen halkara derejesinde uly abraý-mertebe gazandy. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary syýasatda öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli ynsanperwer ýoly dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar.
Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge we beýleki möhüm ugurlara gönükdirilen başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde hem dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ýurdumyzyň halkara derejesindäki orny has-da pugtalanýar. Täze taryhy eýýamda bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli daşary syýasatymyz üstünlikli dowam etdirilýär.
Goý, halkymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan, bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, at-abraýlary mundan beýläk-de belent bolsun!
Myratgeldi ÇARYÝEW.








