Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halky 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyla gadam basdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geçen — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlandy.
2025-nji ýylyň möhüm wakalary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Şeýle-de bolsa, olaryň käbirini ýatlaman bolmaz. Mysal üçin, geçen ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy üçünji gezek ykrar edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilen uly toýunyň dabarasy dünýä doldy. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini bütin dünýä äşgär etdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmekdäki başlangyçlary adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giň goldawa eýe bolýar. Muňa mysal edip, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň soňky günlerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen Kararnamalar dünýäniň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026-2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň kabul edilmegi geoykdysady ösüşi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Bu guwançly waka Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň artyp, eýeleýän ornunyň has-da pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen ili täze — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýyla ýokary ruhubelentlik, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekýän halkymyz ýaňy başlanan ýylymyzy uly zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär. At ýylynda bolsa, maksatlarymyzyň myrat boljakdygy täze sepgitlere ruhlandyrýar. Il-günümiziň tutanýerli zähmeti bolsa, şanly wakalara beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleriň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Aýratynam, üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy boljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasynyň dag aşjakdygy guwandyrýar. Şanly senä mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýän türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurýar we döredýär.








