Asudalygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň hem-de Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. “Garaşsyzlygyň aýdyň ýollary bilen öňe barýar Türkmenistan” ady bilen geçirlen bu şowhunly dabarada medeniýet-sungat ussatlary, bagşy-sazandalary özleriniň täze-täze eserleri, kalplary joşurýan aýdym-sazlary bilen çykyş edip, dabara gatnaşanlaryň göwünlerini göterdi. Ýaňlanýan şirin aýdymlarda, döwrebap öwüşginli tans eserlerinde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyklarynyň, toýlara beslenýän eziz Watanymyzyň gözelliginiň, Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň gazanan päk üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen miweleriniň waspy belentden ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy toýlar mekanyna öwren, halkymyzy bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.
Maýa ANNADURDYÝEWA.








