Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerimiziň ykbalynyň has-da rowaçlanýan, şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýan zamany boldy. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy-da bedew atlarymyza bolan çäksiz söýgüden, sarpadan nyşandyr. Bedew atlary “Uçar ganatym!” diýip, söýüp, söýgülän pederlerimiz olary dürli esbaplar, şaý-sepler bilen bezemegi hem başarypdyrlar. Şeýle esbaplaryň biri-de naldyr.
Nal at toýnagynyň aşagyna kakylýan demir halkajykdyr. Ol atyň toýnagyna laýyklykda bir santimetr çemesi galyňlykda ýasalýar. Onuň iki ujy iki tarapyna egreldilip, kakylýan çüýleriň kellesi ýerleşer ýaly ortasy oýulýar. Uly nallara sekiz, ortaça nallara alty nal çüýi urulýar. Juda agyr bolmazlygy üçin nalyň aýlawynyň iç tarapy ýukaldylýar. At nallanmazyndan öňürti, onuň toýnagy “simtaraş” diýlip atlandyrylýan aňňal orak pisint agaç saply berk, ýiti enjam arkaly gyrlyp arassalanylýar. Nal kakmak üçin ulanylýan çüýe bolsa nalmyh diýilýär. Nalmyh nalçy ussalar tarapyndan ýörite ýasalyp, ol kese kelleli, uç tarapyna inçelip gidýän dört-bäş santimetr uzynlykda bolýar. Bir atyň aýaklaryny nallamak üçin ýigrimi dört nalmyh gerek bolýar. Türkmen öýleriniň bosagasyna “At — maksat, at — myrat” diýen ýagşy niýet bilen, atyň naly agzyny daş tarapa edip, kakylyp goýulýar.
Ir döwürde ata-babalarymyz işigi bedewli adamy, maşgalany döwletli adam, döwletli maşgala hasap edipdirler. Nalyň bela-beterden, göz-dilden goramagy bilen birlikde döwletlilik, gowulyk getiriji güýjüne hem ynanypdyrlar. Türki halklarynyň aglabasynda nalyň edil älemgoşar ýaly, Asman bilen Zeminiň baglanşygyny aňladýandygy baradaky ynam hem bar. Munuň özi halkymyzdaky “Behişdi bedewler”, “asman atlar” diýen düşünje bilen doly gabat gelýär.
Hawa, ýylymyzyň şygary — köňüllerimize çyrag bolup, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyz hem şanly wakalara, senelere baý, toý-baýramlaryň ýyly bolar.
Biz sözümizi zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň şu ajaýyp setirleri bilen jemlemegi makul bildik:
Zemin sarsýar bedewleriň gurbundan,
Atyň naly ýarym aýa meňzeýär.
Annamyrat BERDIMYRADOW.








